Biologiya 12 yillik 6-njy synplar ucin tayin kanspekler 3caryek

  • docx
  • 26.09.2026
Публикация на сайте для учителей

Публикация педагогических разработок

Бесплатное участие. Свидетельство автора сразу.
Мгновенные 10 документов в портфолио.

Иконка файла материала 6 Biologiya-III.docx

Mekdebi:                                              Senesi:

Dersiň ady: Biologiýa                          Synpy:  VI      

Sapagyň temasy:

Pyntygyň gurluşy, görnüşleri we ýerine ýetirýän işleri. Tejribe  iş-8. Pyntyklaryň gurluşyny  we  olaryň  baldakda  ýerleşişini  öwrenmek.

Sapagyň maksatlary:

 

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara pyntygyň gurluşy, görnüşleri we ýerine ýetirýän işleri barada giňişleýin düşünje bermek

2) Terbiýeçilik maksady:

Watana, Hormatly Prezidentimize söýgi, ylym-bilime höwes duýgularyny terbiýelemek. Okuwçylarda  janly tebigata bolan söýgini  döretmek 

Sapagyň görnüşi:

Garyşyk sapak

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

4. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:

1. Pudak näme?

2. Bogun we bogun arasy diýip nämä aýdylýar?

3. Wegetatiw pudak nähili işleri ýerine ýetirýär?

4. Wegetatiw hem-de generatiw pudaklar biri-birinden nähili tapawutlanýarlar?

3.  Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak: Sorag-jogap alyşmak.

4. Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylardan öýe berlen  ýumuşlaryny kartoçkalar we sorag-jogap arkaly soraýaryn.

5. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Pyntyk barada aýdyp bermek.

2. Pudaklaryň sistemasy barada gürrüň bermek.

3. Pyntygyň içki gurluşy.

                        Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Ösümlikleriň sistematik birlikleri (görnüş, urug, maşgala, klas, bölüm, şalyk) baradaky maglumatlary wideoşekiller, slaýdlar arkaly;

– Türkmenistanda ösýän käbir peýdaly ösümlikleri (dermanlyk, iýmitlik, boýag, bezeg, efir ýaglaryny berýän we beýlekiler) we olaryň ýaşaýyş şertlerini, ýaýraýşyny, ulanylyşyny;

– Ösümliklere janly we jansyz tebigatyň ekologik faktorlarynyň edýän  täsirini.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Ösümliklerde iýmitleniş, dem alyş, ösüş hadysalaryny ýüze çykarmak maksady  bilen ýönekeý tejribeleri geçirmegi;

– Ulaldyjy abzallardan peýdalanmagy, mikropreparat taýýarlamagy, olary lupa we mikroskop arkaly öwrenmegi, ösümlikler baradaky maglumatlary  wideoşekiller, slaýdlar arkaly kompýuterde we interaktiw tagtada görkezip, olardan ýerlikli peýdalanmagy;

– Mekdebiň töweregini we ýaşaýan ýeriňi gür baglyga, bagy-bossanlyga öwürmek babatda geçirilýän ýowarlara gatnaşmagy;

– Ösümlikler baradaky wideo-audiomateriallardan, interaktiw-multimedia programmalaryndan, okuw-görkezme esbaplaryndan, maglumat kitapçalaryndan peýdalanmagy.

Pyntyk – bu pudagyň başlangyjydyr. Onda geljekde ösüp çykjak baldagyň, ýapragyň başlangyjy (düwünçegi) ýerleşýär. Pyntyklar baldagyň ujunda ýerleşen bolsa, onda olara depe pyntygy, ýapraklaryň baldaga birleşen ýeriniň ýokarsynda (goltugynda) ýerleşenlerine gapdal pyntygy diýilýär. Gapdal pyntyklar ýapragyň goltugynda ýerleşýändigi sebäpli, olara goltuk pyntygy hem diýilýär. Baldakda gapdal pyntyklaryndan birnäçe pudak ösüp çykanda, edil kök şahalananda kök sistemasynyň emele gelşi ýaly, pudaklaryň sistemasy emele gelýär. Birýyllyk ösümliklerde şol bir ýylyň dowamynda ähli pyntyklary açylýar. Köpýyllyk ösümliklerde bolsa olar birinji ýyl (gyşda) dynçlyk ýagdaýynda bolup, ikinji ýyl şahalanyp başlaýar. Ol birnäçe ýylyň dowamynda gaýtalanýar. Diýmek, pyntykda ýylyň sowuk (gurak) amatsyz şertlerini gowy başdan geçirer ýaly, daşyndan goragy (teňňejikler) bolýar.

    Pyntygyň daşky gurluşy. Kerkawyň, ýylgynyň ýa-da tuduň şahalaryny alyp, olaryň pyntygyna syn etsek, şol ösümlikleriň haýsynyň agaç, haýsynyň  hem gyrymsy ösümlikdigini kesgitläp bolýar. Gapdal pyntyklary ösümliklerde edil ýapraklaryň ýerleşişi ýaly ýerleşendir. Mysal üçin, tuduň şahalarynda gapdal

pyntyklary gezekleşip, kerkawyň pyntyklary bolsa garşylyklaýyn ýerleşendir. Ýere gaçan ýapraklarda-da pyntygyň aşagynda ýapragyň galyndysy aýyl-saýyl görnüp durýar. Pyntygyň daşynda pyntyk teňňejikleribolup, ol pudagyň başlangyjynyň beýleki böleklerini guramakdan we mehaniki şikes ýetmelerden gorap saklaýar. Pyntyk teňňejikleri – gyş düşmänkä ösüşini ir gutarýan, pyntygyň ilkinji, görnüşini özgerden ýapragydyr. Agaçlarda pyntyk teňňejikleri dykyz, etlek, köplenç, şepbik (smola) bilen doldurylandyr. Ony söwütde, gaýyňda görmek mümkin. Teňňejikler çal, mele ýa-da goňur reňkli bolýar. Teňňejikler bir‑birine gysylyşyp ösýärler we olaryň uçlary özara birleşendir. Köpýyllyk otjumak ösümlikleriň gysgajyk, dynçlyk ýagdaýyndaky pyntyklary baldagyň ýerüsti ýa-da ýerasty, ýogsa-da toprakdan çala saýlanan böleginde ýerleşýär. Ony güneýik, aşygoty ýaly ösümliklerde görüp bolýar. Otjumak ösümlikleriň pyntyk teňňejikleri hemmesinde däl-de, käbirlerinde gabat gelýär. Olarda şol teňňejikler agaç we gyrymsy ösümliklerdäki ýaly gataňsy, etlek däldir. Reňkleri hem, köplenç, ak, gülgüne ýa-da ýaşylymtyl bolýar.

Eger-de pyntykda teňňejikler bütinleý bolmasa, onda pyntygyň daşy dine ýaşajyk ýapraklar bilen örtülendir. Ony elodeýada görmek bolýar. Pyntygyň içki gurluşy. Haýsy hem bolsa bir ösümligiň, meselem, buýanyň, erigiň ýa-da otag gülleriniň biriniň pyntygyny alyp, ony dikligine kesip, içki gurluşyna lupa bilen seretsek, onda baldagyň başlangyjynyň bardygyny göreris. Ol baldagyň esasydyr

(oky). Şol esasdan (okdan) aşaklygyna pyntyk teňňejikleri aýrylyp gidýär. Teňňejiklerden ýokarda hem-de onuň örtüginiň aşagynda örän ownuk we köp sanly ýaprajyklaryň başlangyjy bolýar. Olar uzynlygyna bir-birlerine gysylyşyp ýa-da turbajyga düýrlenip ösýärler. Käte ýapragyň başlangyjynyň goltugynda

gapdal pyntyklarynyň hem bardygyny görmek bolýar. Baldagyň, ýapragyň we onuň goltugyndaky pyntygyň başlangyjyndan pudagyň başlangyjy emele gelýär.

Eger-de pyntyk wegetatiw pudagyň başlangyjy bolsa, onda oňa wegetatiw pyntyk diýilýär. Ýöne gül pyntyklary hem bolýar. Eger-de pyntykda gül göteriji pudagyň başlangyjy bar bolsa, onda oňa gül (generatiw) pyntyklary diýilýär. Şeýle bolanda pyntykda dine bir baldagyň we ýapragyň däl, gülleriň ýa-da bir gülüň başlangyjy hem ýerleşýär. Ol söwüt, buzina ýaly ösümliklerde gowy görünýär. Gül pyntyklary  wegetatiw pyntyklardan daşky görnüşi bilen hem tapawutlanýar.

Pyntyklaryň gurluşy: emanyň (A);  buzinanyň (B) pyntyklary

6. Täze temany berkitmek:

1. Pyntyk näme? Ol nähili işleri ýerine ýetirýär?

2. Pyntygyň nähili görnüşleri bar?

3. Pyntyk teňňejigi näme? Ol nähili işleri ýerine ýetirýär?

4. Wegetatiw pyntyklar gül pyntyklaryndan näme bilen tapawutlanýar?

7. Öý işini tabşyrmak:

  §27 sah 80-81   Geçilen temany gowy özleşdirip gelmegi tabşyrmak.

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

      Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

 

Ýazan mugallym:                                                              Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:      

Mekdebi:                                              Senesi:

Dersiň ady: Biologiýa                          Synpy:  VI      

Sapagyň temasy:

Pyntykdan pudagyň ösüp çykyşy

Sapagyň maksatlary:

 

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara pyntykdan pudagyň ösüp çykyşy barada giňişleýin düşünje bermek

2) Terbiýeçilik maksady:

Watana, Hormatly Prezidentimize söýgi, ylym-bilime höwes duýgularyny terbiýelemek. Okuwçylarda  janly tebigata bolan söýgini  döretmek 

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

4. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

1. Pyntyk näme? Ol nähili işleri ýerine ýetirýär?

2. Pyntygyň nähili görnüşleri bar?

3. Pyntyk teňňejigi näme? Ol nähili işleri ýerine ýetirýär?

4. Wegetatiw pyntyklar gül pyntyklaryndan näme bilen tapawutlanýar?

3. Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylardan öýe berlen  ýumuşlaryny kartoçkalar we sorag-jogap arkaly soraýaryn.

4. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Pudagyň başlangyjy.

2. Agajyň şahalaryndaky pyntyklar.

3. Pyntykdan pudagyň ösüp çykyşy.

4. Dürli agaçlaryň pyntyklarynyň bir-birlerinden tapawudy barada aýdyp bermek.

                   Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Tebigy ösümlik toparlanmalarynyň gurluşyny, özgerişini, gatlaklylygyny, olaryň düzümindäki ösümlikleriň bilelikde ýaşamaga uýgunlaşyş aýratynlyklaryny (ülke maglumatlarynyň mysalynda);

– Ýabany we medeni ösýän ösümlikleriň esasy görnüşlerini, olaryň tebigatdaky, we halk hojalygyndaky tutýan ornuny;

– Ösümlikleriň organlarynyň (kök, baldak, ýaprak, gül, miwe we tohum) ýerine ýetirýän işlerini we olaryň ähmiýetini;

– Älem möçberinde howanyň üýtgemegi bilen baglylykda Türkmenistanda ösümlik dünýäsini aýawly ulanmak, gorap saklamak we köpeltmek babatda  geçirilýän çäreleri.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Miweli we bezeg baglaryna ideg etmegi (agaçlaryň düýbüni ýumşatmagy, guran we döwlen şahalaryny kesmegi, sütünlerindäki we şahalaryndaky ýaralary bejermegi);

– Howanyň üýtgemeginiň ösümlik örtügine täsirini;

– Okuw kitabynyň ýazgylary we suratlary bilen işlemegi;

– Biologiýa (ösümlikler) dersinde ulanylýan düşünjeleriň we adalgalaryň sözlügi bilen işlemegi.   

   Gyşyna ýapraklar dökülenden soň, agaçlaryň şahalarynda pyntyklary oňat saýgaryp bolýar. Kerkawyň şahasyndaky pyntyga syn edeliň. Onuň pyntyklary ýumurtga görnüşinde bolup, daşy 4-6 sany teňňejik bilen örtülendir. Bu teňňejikler pyntygyň içki näzik bölekerini hem-de olaryň arasynda ýerleşen şahanyň öserini gyşyň amatsyz şertlerinden- howanyň birden üýtgemegiden, güýçli ýelden, guramakdan gorap saklaýar. Şoňa görä-de, pyntyklara amatsyz şertlerde şikes ýetmeýär. Käbir pyntyklarynyň içinde bolsa güljagazlaryň başlangyjy bolýar. Olar gül emele getirýärler. Ýazyna howanyň maýlamagy bilen pyntyklar ýuwaş-ýuwaşdan ulalyp, olaryň içindäki bölekleri ösüp başlaýar. Pyntygyň daşyndaky teňňejikleri ýarylyp, ýaşyl ýaprakly pudajyk ösüp çykýar. Ýarylmadyk çişen pyntygyň içinde ýaşajyk ýapraklar düýrülişip hem-de biri-birine berk gysylyşyp ýerleşýärler. Pyntygyň çalt ösüp başlamagy netijesinde onuň daşyndaky teňňejik ýarylýar we şunlukda pyntykdan ýaş pudak ösüp çykýar. Depe pyntygyndan ösümligiň esasy baldagy, gapdal pyntyklaryndan bolsa gapdal  şahalary ösüp çykýar.

Pudagyň pyntyk halkasy we uzynlygyna bir ýylyň dowamynda ösüşi:

1 – pyntyk halkasy;  2 – iň soňky ýyllyk ösüşi

5. Täze temany berkitmek:

1. Näme üçin pyntyga pudagyň başlangyjy diýilýär?

2. Agajyň şahalarynda haýsy pyntyklar bolýar?

3. Pyntykdan pudak nähili ösüp çykýar?

4. Dürli agaçlaryň pyntyklarynyň bir-birlerinden tapawudy nähili?

6. Öý işini tabşyrmak:

     §28 sah 82-84 Geçilen temany gowy özleşdirip gelmegi tabşyrmak.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

      Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

 

Ýazan mugallym:                                                              Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:      


 

Mekdebi:                                              Senesi:

Dersiň ady: Biologiýa                          Synpy:  VI      

Sapagyň temasy:

Baldak. Gurluşy , ýerine ýetirýän işleri  we  uzynlygyna  ösüşi

Sapagyň maksatlary:

 

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara baldak, gurluşy, ýerine ýetirýän işleri  we uzynlygyna ösüşi barada giňişleýin düşünje bermek

2) Terbiýeçilik maksady:

Watana, Hormatly Prezidentimize söýgi, ylym-bilime höwes duýgularyny terbiýelemek. Okuwçylarda  janly tebigata bolan söýgini  döretmek 

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

4. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

1. Näme üçin pyntyga pudagyň başlangyjy diýilýär?

2. Agajyň şahalarynda haýsy pyntyklar bolýar?

3. Pyntykdan pudak nähili ösüp çykýar?

4. Dürli agaçlaryň pyntyklarynyň bir-birlerinden tapawudy nähili?

3. Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylardan öýe berlen  ýumuşlaryny kartoçkalar we sorag-jogap arkaly soraýaryn.

4. Täze temany düşündirmek:   

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Baldak.

2. Baldagyň ýerine ýetirýän işi.

3. Baldagyň ösüşi.

                   Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Ösümlik organizminiň esasy ýaşaýyş işjeňligini (fotosintez, dem alyş, suwy bugartmak (transpirasiýa), maddalaryň hereketi we beýlekiler);

– Ösümlikleriň tohumlary we wegetatiw organlary arkaly köpelişini;

– Ýurdumyzda seýrek duş gelýändigi we ýitip gitmek howpy abanýandygy sebäpli, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň görnüşlerini.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Topragy bejermek, suwarmak, dökün dökmek ýaly işleri ýerine ýetirmegi;

– Ösümlikleri sapmak üçin taýýarlamagy we köpeltmegi, olary sapmagyň usullaryny;

– Tebigatda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini, edep-kadalaryny berjaý etmegi.

    Baldak-bu pudagyň sütün bölegidir. Ol bogundan we bogun arasyndan durýar. Eger bogun arasy bolmasa, onda ol diňe bogundan durýar. Eger-de dürli ösümlikleriň bogun arasyny keseligine kesip görseň, baldagyň, köplenç tegelekdigini, gyrasynyň bolsa büdür-südür ýa-da ýylmanak bolýandygyny bilmek bolar. Ýöne käbir ösümliklerde ol başgaça hem bolup bilýär. Mysal üçin, çitçitide ol dörtburç, ýylakda üçburçdyr. Baldagyň ýerine ýetirýän işi-  baldak, ýaprak, pyntyk we ondan ösüp çykýan pudak, gül hem-de miwe ýerleşýär. Şolaryň ählisini saklamak üçin baldak daýanç bolup hyzmat edýär. Fotasintez netijesinde ýaprakda emele gelýän organiki maddalar baldak arkaly köke, pudaklardaky güllere we miwelere geçirilýär. Baldagyň ösüşi- ösümligiň baldagy ujyndan ösýär. Dikligine kesilen pyntygyň içki gurluşyna seretsek, onuň ortasynda baldajygyň başlangyjyny görýäris. Şol baldajygyň başlangyjynyň ujunda onuň ösüji böegi bolýar. Baldagyň ösüji bölegindäki öýjükler bölünmek ýoly arkaly elmydama bölünip durýar. Ösümliklerde baldagyň ululygy dürli-dürli bolýar. Ýazda ösýän käbir ösümlikleriniň baldagynyň boýy 2-3 sm-e bolup bilýär.

Gowaçanyň ujunyň çyrpylyşynyň çyzgysy

5. Täze temany berkitmek:

1. Baldagyň gurluşy nähili?

2. Baldak nähili işleri ýerine ýetirýär?

3. Baldak özüniň haýsy böleginden ösýär?

4. Baldagyň esasy we gapdal şahalary nämeden ösüp çykýar?

5. Ösümligiň ýaş baldagynyň ujy kesilip aýrylsa näme bolýar?

6. Çyrpmak näme we gowaçanyň öserini näme üçin çyrpýarlar?

6. Öý işini tabşyrmak:

§29 sah 85-86 Geçilen temany gowy özleşdirip gelmegi tabşyrmak.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

      Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

 

Ýazan mugallym:                                                              Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:      


 

Mekdebi:                                              Senesi:

Dersiň ady: Biologiýa                          Synpy:  VI      

Sapagyň temasy:

Baldagyň köpdürlüligi

Sapagyň maksatlary:

 

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara baldagyň köpdürlüligi barada giňişleýin düşünje bermek

2) Terbiýeçilik maksady:

Watana, Hormatly Prezidentimize söýgi, ylym-bilime höwes duýgularyny terbiýelemek. Okuwçylarda  janly tebigata bolan söýgini  döretmek 

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

4. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

1. Baldagyň gurluşy nähili?

2. Baldak nähili işleri ýerine ýetirýär?

3. Baldak özüniň haýsy böleginden ösýär?

4. Baldagyň esasy we gapdal şahalary nämeden ösüp çykýar?

5. Ösümligiň ýaş baldagynyň ujy kesilip aýrylsa näme bolýar?

6. Çyrpmak näme we gowaçanyň öserini näme üçin çyrpýarlar?

3. Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylardan öýe berlen  ýumuşlaryny kartoçkalar we sorag-jogap arkaly soraýaryn.

4. Täze temany düşündirmek:  

 Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Ösümlikleriň agaçlaşan we otjumak baldaklary barada aýdyp bermek.

2. Dik ösýän, dyrmaşýan we çyrmaşýan baldakly ösümlikler.

3. Lianalar.

                   Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Ösümlikleriň öýjükli gurluşyny, ösümlik öýjükleriniň böleklerini (barda, sitoplazma, ýadro, plastidler, wakuol), dokumalarynyň we organlarynyň gurluşyny, görnüşlerini;

– Ösümlikleriň tebigatdaky we adamyň durmuşyndaky ornuny we ähmiýetini;

– Bakteriýalaryň, kömelekleriň, lişaýnikleriň gurluş aýratynlyklaryny we hojalyk ähmiýetini.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Kesgitleýjileriň kömegi bilen ösümlikleri kesgitlemegi;

– Esasy oba hojalyk ekinlerini tanamagy we kesgitlemegi;

– Okuw kitabynyň mazmunyndan esasy pikirleri ýüze çykarmagy, soraglara jogap tapmagy.

    Ösümlikleriň baldaklary dürli-dürli bolýar. Baldaklaryň agaçlaşan we otjumak görnüşleri bar. Agaçlaryň we gyrymsy ösümlikleriň uzyn hem gaty agaçlaşan baldaklary bardyr. Ot ösümlikleriniň  gysgadan ýaşyl, otjumak baldaklary bolýar. Agaçlarda esasy baldak sütüni ösüp, bu soňra gapdal şahalaryny emele getirýär. Agaçlaryň sütüninde örän köp şahalary we ýapraklary emelegelýär. Ýapraklaryň hemmesini göterip saklaýandygy we olary ýagtylyga çykarýandygy üçin baldaklar örän köp şahalanýýar, juda berk bolýar. Ösümlikleriň aglabasynyň baldagy dik ösýän baldakdyr. Şu hili baldakly ösümliklere bugdaý,mekgejewen, gowaça, buýan, ýandak we başgalaar degişli. Şeýle-de ösümlikleriň köpüsiniň baldaklaryny ýagtylyga çykaryp ösýänleride bar. Olara üzümi, noýbany, peçegi hem mysal etmek bolýar. Olara dyrmaşýan baldaklar diýilýär. Käbir ösümlikleriň baldaklary uzyn hem-de gowşak bolandygy sebäpli, olar ýokaryk galyp bilmeýärler. Olar ýere ýazylyp ýatýarlar bu baldaklara ýazylyp ýatan baldaklar diýilýär. Gawun, kädi, garpyz mysal etmek bolýar.

Dürli görnüşdäki baldaklar:

1 – gowaçanyň dik ösýän baldagy; 2 – peçegiň çyrmaşýan baldagy;

3 – üzümiň dyrmaşýan baldagy; 4 – gawunyň ýazylyp ýatýan baldagy;

5 – atgulagyň gysgalan gül göteriji baldagy

5. Täze temany berkitmek:

1. Haýsy ösümlikleriň agaçlaşan we otjumak baldaklary bolýar?

2. Dik ösýän, dyrmaşýan we çyrmaşýan baldakly ösümliklerden mysallar getiriň.

3. Lianalar diýip haýsy ösümliklere aýdylýar?

4. Haýsy ösümliklerde ýazylyp ýatýan we süýrenýän baldaklar bar? Olaryň meňzeşligi we tapawudy nämeden ybarat?

5. Haýsy ösümlikleriň baldagy gysgalan baldak?

6. Öý işini tabşyrmak:

   §30 sah 87-88  Geçilen temany gowy özleşdirip gelmegi tabşyrmak.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

      Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

 

Ýazan mugallym:                                                              Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:      


 

Mekdebi:                                              Senesi:

Dersiň ady: Biologiýa                          Synpy:  VI      

Sapagyň temasy:

Baldagyň ýerine ýetirýän işlerine laýyklykda içki gurluşy.

Tejribe  iş-9. Agaçlaryň baldagyň içki gurluşyna  mikroskop  arkaly  seretmek.

Sapagyň maksatlary:

 

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara baldagyň ýerine ýetirýän işlerine laýyklykda içki gurluşy barada giňişleýin düşünje bermek

2) Terbiýeçilik maksady:

Watana, Hormatly Prezidentimize söýgi, ylym-bilime höwes duýgularyny terbiýelemek. Okuwçylarda  janly tebigata bolan söýgini  döretmek 

Sapagyň görnüşi:

Garyşyk sapak

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

4. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:

1. Haýsy ösümlikleriň agaçlaşan we otjumak baldaklary bolýar?

2. Dik ösýän, dyrmaşýan we çyrmaşýan baldakly ösümliklerden mysallar getiriň.

3. Lianalar diýip haýsy ösümliklere aýdylýar?

4. Haýsy ösümliklerde ýazylyp ýatýan we süýrenýän baldaklar bar? Olaryň meňzeşligi we tapawudy nämeden ybarat?

5. Haýsy ösümlikleriň baldagy gysgalan baldak?

3.  Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak:

Sorag-jogap alyşmak.

4. Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylardan öýe berlen ýumuşlary soraýaryn. Olara kartoçkalar berip sorag-jogap alyşýaryn.

5. Täze temany düşündirmek: 

   Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Agajyň baldagynyň daşy.

2. Baldagyň daşyndaky derijimek hem-de dyky gatlagynyň öýjükler.

3. Agaç gatlagy.

4. Özen.

5. Süýümler.

                        Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Ösümlikleriň esasy bölümleriniň (suwotular, moh şekilliler, paporotnik şekilliler, plaunlar, hwoşlar, ýalaňaç tohumly we ýapyk tohumly ösümlikler) biologik we ekologik aýratynlyklaryny;

– Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň görnüşlerini, olaryň tohumlarynyň ekiliş we ideg ediliş aýratynlyklaryny;

– Ösümlik dünýäsiniň taryhy ösüşi netijesinde olaryň çylşyrymlaşmagynyň yzygiderliligini.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Gülli ösümlikleriň organlaryny tanamagy;

– Tebigatda ösümlik dünýäsindäki möwsümleýin özgermelere gözegçilik etmegi,

    gözegçiligiň netijelerini özleşdirmegi we ondan özbaşdak netije çykarmagy;

– Oba hojalyk ekinlerini ekmegi, ideg etmegi, hasylyny ýygnamagy;

– Dürli çeşmelerdäki ösümlikler baradaky zerur bolan maglumatlary, adalgalary  internetden tapmagy  we peýdalanmagy.

Baldagyň içki gurluşyny tut agajynyň mysalynda öwreneliň. Onuň üçin tuduň baldagyny keseligine kesip, syn edeliň. Şonda baldagyň birnäçe gatlaklardan durýandygyny göreris. Baldagyň iň daşynda gara jähek bolýar. Ol örtüji dokumadyr. Onuň aşagynda gabyk (kora) gatlagy ýerleşýär. Gabygy örtüji dokuma bilen aňsat sypyryp aýryp bolýar. Gabyk ýukajyk derijimek, dyky hem-de süýüm gatlagyndan ybaratdyr. Derijimek gatlak durudyr, dyky gatlagy bolsa gotur hem-de dykyz bolýar. Derijimek hem-de dyky gatlagy agajyň içine zyýanly maddalary geçirmeýär. Ondan başga-da gatlaklar agajyň içki böleklerini guramakdan we ýylylygyň üýtgäp durmagyndan gorap saklaýar. Derijimek gatlagyň ýokary ýüzünde tümmejikler bolýar. Bulardaky öýjükler boşlag ýerleşendir. Şol boşlag öýjükleriň arasynda dem almak üçin zerur bolan howa bolýar. Ol baldagyň içindäki öýjüklere geçýär. Gabygyň içki sarymtyl bölegine süýüm diýilýär. Gabygyň süýüm bölegi çeýe hem berk bolýar. Ony keseligine dartyp üzmek örän kyndyr. Gabygyň berkligi şol süýümlere baglydyr. Süýümler uzyn hem-de inçeden berk, sapak görnüşinde bolýar. Meselem, tuduň baldagynda ol süýümler örän köp bolýar. Şoňa görä-de, bu agaç berk bolýar. Kämahallar tut agajynyň gabygy daňy üçin hem ulanylýar. Süýümleriniň çeýe hem-de berk bolýandygy sebäpli, tuduň şahalary ýapraklarynyň we miweleriniň agyrlygyna garamazdan, güýçli şemalda‑da döwülmeýärler. Baldagyň gurluşyny doly öwrenmek üçin, onuň keseligine hem dikligine kesilen böleklerine mikroskop astynda seredeliň. Şonda onuň örän köp sanly öýjüklerden ybaratdygyny görmek bolýar. Baldagyň gatlaklaryndaky öýjükleriň hemmesi birmeňzeş däldir. Olar ululyklary, sypatlary we gurluşlary boýunça bir-birlerinden tapawutlanýarlar. Derijimek gatlak süýnmejik gabykly bir hatara ýerleşen öýjüklerden ybaratdyr.

Derijimek gatlagyň aşagynda birnäçe hatara ýerleşen öýjüklerden ybarat galyň gabyjakly dyky gatlagy bolýar. Derijimek we dyky gatlagynyň öýjükleri jansyzdyr. Dyky gatlagynyň käýerlerinde boşlag ýerleşen bir topar öýjükler bolup, olaryň arasynda baldagyň dem almagy üçin zerur bolan howa bardyr. Dyky gatlagyndan içde süýümler bolýar. Olar boýuna uzalyp gidýän hem-de galyň gabyjakly öýjüklerden ybaratdyr. Şoňa görä-de, olar örän berk bolýar. Süýümleriň aralygynda üst-üstüne ýerleşen hem‑de deşik-deşik germewler bilen biri-birinden bölünip aýrylan uzyn öýjükler bolýar. Aralykdaky şu germewler elegiň uşajyk gözlerine meňzeşdir. Şoňa görä-de, deşik-deşik germewleri bilen bilelikde öýjüklere elek şekilli turbajyklar diýilýär.

Süýrenýän baldak (murtlar)

6. Täze temany berkitmek:

1. Agajyň baldagynyň daşy näme bilen örtülen?

2. Baldagyň daşyndaky derijimek hem-de dyky gatlagynyň öýjükleri nähili we ähmiýeti nämeden ybarat?

3. Agaç gatlagy gabykdan nähili tapawutlanýar?

4. Özen baldagyň niresinde ýerleşýär?

5. Süýümler nähili öýjüklerden ybarat?

6. Elek şekilli turbajyklar nirede ýerleşýär, olaryň gurluşy nähili we ösümligiň ýaşaýşynda nähili ähmiýeti bar?

7. Damarlar nämeden ybarat? Olaryň ösümlikleriň ýaşaýşynda nähili ähmiýeti bar?

8. Kambiý baldagyň niresinde ýerleşýär. Onuň öýjüginiň nähili aýratynlygy bar?

7. Öý işini tabşyrmak:

   §31 sah 89-92  Geçilen temany gowy özleşdirip gelmegi tabşyrmak.                                                                                                                                       

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

      Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

 

Ýazan mugallym:                                                              Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:      


 

Mekdebi:                                              Senesi:

Dersiň ady: Biologiýa                          Synpy:  VI      

Sapagyň temasy:

Agaçlaryň baldagynyň ýogynlygyna ösüşi. Ýyllyk halkalaryň emele gelşi. Tejribe iş-10. Agaç sütüniniň kesimi arkaly ýaşyny kesgitlemek

Sapagyň maksatlary:

 

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara agaçlaryň baldagynyň ýogynlygyna ösüşi, ýyllyk halkalaryň emele gelşi barada giňişleýin düşünje bermek

2) Terbiýeçilik maksady:

Watana, Hormatly Prezidentimize söýgi, ylym-bilime höwes duýgularyny terbiýelemek. Okuwçylarda  janly tebigata bolan söýgini  döretmek 

Sapagyň görnüşi:

Garyşyk sapak

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

4. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:

1. Agajyň baldagynyň daşy näme bilen örtülen?

2. Baldagyň daşyndaky derijimek hem-de dyky gatlagynyň öýjükleri nähili we ähmiýeti nämeden ybarat?

3. Agaç gatlagy gabykdan nähili tapawutlanýar?

4. Özen baldagyň niresinde ýerleşýär?

5. Süýümler nähili öýjüklerden ybarat?

3.  Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak:

Sorag-jogap alyşmak.

4. Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylardan öýe berlen ýumuşlary soraýaryn. Olara kartoçkalar berip sorag-jogap alyşýaryn.

5. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Agaç ýogynlygyna ösüşi.

2. Agaç töňňesiniň gurluşy.

3. Kambiý barada aýdyp bermek.

                        Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Ösümlikleriň sistematik birlikleri (görnüş, urug, maşgala, klas, bölüm, şalyk) baradaky maglumatlary wideoşekiller, slaýdlar arkaly;

– Türkmenistanda ösýän käbir peýdaly ösümlikleri (dermanlyk, iýmitlik, boýag, bezeg, efir ýaglaryny berýän we beýlekiler) we olaryň ýaşaýyş şertlerini, ýaýraýşyny, ulanylyşyny;

– Ösümliklere janly we jansyz tebigatyň ekologik faktorlarynyň edýän  täsirini.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Ösümliklerde iýmitleniş, dem alyş, ösüş hadysalaryny ýüze çykarmak maksady  bilen ýönekeý tejribeleri geçirmegi;

– Ulaldyjy abzallardan peýdalanmagy, mikropreparat taýýarlamagy, olary lupa we mikroskop arkaly öwrenmegi, ösümlikler baradaky maglumatlary  wideoşekiller, slaýdlar arkaly kompýuterde we interaktiw tagtada görkezip, olardan ýerlikli peýdalanmagy;

– Mekdebiň töweregini we ýaşaýan ýeriňi gür baglyga, bagy-bossanlyga öwürmek babatda geçirilýän ýowarlara gatnaşmagy;

– Ösümlikler baradaky wideo-audiomateriallardan, interaktiw-multimedia programmalaryndan, okuw-görkezme esbaplaryndan, maglumat kitapçalaryndan peýdalanmagy.

   Agaçlar ýaşaýşynyň dowamynda diňe bir uzynlygyna ösmän, eýsem ýogynlygyna-da ösýärler. Ýazda howanyň maýlamagy bilen pyntyklardan ýaprakly baldaklar ösüp çykýar. Ösümlik iýmitlenmäge başlaýar. Ýokumly maddalar ösümligiň hemme organlaryna ýaýraýar. Gabyk bilen agaç gatlagynyň arasyndaky kambiý gatlagynyň öýjükleri ýokumly maddalary köp alyp bölünmäge başlaýarlar. Bölünen öýjükler ulalýar we ýaňadan ýene bölünýär. Şeýlelikde, öýjükleriň sany artýar. Kambiniň iç tarapky öýjükleri agaç gatlagynyň öýjüklerine, daş tarapky öýjükleri bolsa gabygyň öýjüklerine öwrülýärler. Şunlukda, ýaz we tomus aýlary agaç we gabyk gatlaklary galňap ýognaýar. Kambiý öýjükleri iç tarapyndaky agaç gatlagynyň öýjüklerini daş tarapyndaky gabyk gatlagynyň öýjüklerine garanda köp emele getirýär. Şoňa görä-de, baldagyň agaç gatlagy gabygyndan galyň bolýar. Her ýylyň ýaz, tomus hem güýz pasyllarynda bölünýän kambiý öýjüklerinden baldakda bir agaç gatlagy emele gelýär. Ýazda we tomusda kambiý öýjükleri suwy hem-de ýokumly maddalary köp sarp etmek bilen agaç gatlagynda ýuka gabykly uly öýjükleri emele getirýär. Güýzde suwuň we ýokumly maddalaryň ýetmeýändigi üçin emele gelen öýjükler has maýda hem-de galyň gabykly bolýarlar. Gyşyna kambiý öýjükleriniň bölünmegi kesilýär. Emma ýazyna täzeden ýene uly öýjükler emele gelmäge başlaýar. Şonuň üçin-de iki sany ýyllyk halkanyň arasyndaky çäk mese-mälim bildirip durýar. Byçgy bilen keseligine kesilen agaç töňňesine seredilende, onuň örän köp agaç gatlaklaryny görmek bolýar. Bu gatlaklara ýyllyk halkalary diýilýär. Ol agaç gatlagynyň bir ýylky ösüşidir. Ýyllyk halkalary sanamak bilen agajyň näçe ýaşandygyny bilmek bolýar.

Agaçda ýyllyk halkalary birmeňzeş bolmaýar. Olaryň käbirleri inli, käbirleri bolsa insizdir. Agaç maýyl we ýagynly ýyllarda inli halkalary, gurak hem salkynrak tomuslarda bolsa insiz halkalary emele getirýär. Şeýlelikde, agajyň ýyllyk halkalarynyň inliligine we insizligine garap, haýsy ýyllarda ösümligiň ýaşaýşy üçin amatly şertleriň bolandygyny, haýsy ýyllarda bolsa ýaramsyz şertleriň bolandygyny bilmek bolýar. Ýagtylyk ýetmezçilik edende hem ýyllyk halkalaryň insiz bolýan wagtlary bolýar. Diýmek, ýyllyk halkalar boýunça agajyň geçen taryhyny öwrenmek bolýan ekeni. Ýyllyk halkalaryň inliligi töňňäniň hemme tarapynda hem birmeňzeş bolmaýar. Töňňäniň günorta bakyp duran tarapyndaky ýyllyk halkalar inli, demirgazyk tarapyndaky halkalar bolsa insizdir. Halkalaryň insizligine we inliligine garap, tokaýlyk ýerlerde taraplary kesgitlemek hem bolýar. Ýyllyk halkalaryny sanap, käbir agaçlaryň örän köp ýaşandygyny kesgitleýärler. Türkmenistanyň günorta tarapyndaky daglarda ösýän çynar we arça agaçlary örän köp ýaşaýarlar. Olaryň içinde 1000 ýyl we şondanam gowrak ýaşaýanlaryna duş gelmek bolýar. Käbir agaçlaryň sütüniniň ýogynlygy birnäçe m-e ýetýär. Mysal üçin, ewkaliptiň agaç sütüniniň ýogynlygy 30 m-e ýetýär. Aşgabadyň golaýynda Arçabil şäherçesinde «Ýedi dogan» diýen ajaýyp çynar agajy ösüp otyr. Onuň ýedi sany örän ýogyn sahasy bar. Şonuň üçinem oňa «Ýedi dogan» diýip at beripdirler. Onuň ýaşy 360 ýyldan hem gowrakdyr. Halk şonuň ýaly köp ýaşly, berdaşly agaçlara uly sarpa goýup, gorap saklaýar. Şeýle agaçlara uzak ömrüň, gujur-gaýratyň nyşany hökmünde tagzym edýärler. Dagdan agajy hem şeýle agaçlaryň biridir.

Tut agajynyň birýyllyk (I) we köpýyllyk (II) baldagynyň gurluşy:

1 – derijimek we dyky gatlagy; 2 – süýüm;  3 – kambiý; 4 – agaç gatlagy; 5 – özen

6. Täze temany berkitmek:

1. Agaç ýogynlygyna nähili ösýär?

2. Näme üçin agaç gatlagy gabyga garanda çalt ösýär?

3. Näme üçin agaç halkalaryna ýyllyk halkalar diýilýär?

4. Näme sebäpden agaçda ýyllyk halkalar deň ýasylykda bolmaýar?

5. Agaç töňňesiniň gurluşyna seredip, taraplary kesgitläp bolarmy?

7. Öý işini tabşyrmak:

   §32 sah 93-94 Geçilen temany gowy özleşdirip gelmegi tabşyrmak.                                                                                                                                       

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

      Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

 

Ýazan mugallym:                                                              Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:      


 

Mekdebi:                                              Senesi:

Dersiň ady: Biologiýa                          Synpy:  VI      

Sapagyň temasy:

Baldak boýunça mineral  we  organiki  maddalaryň  hereketi.

Sapagyň maksatlary:

 

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara baldak boýunça mineral  we  organiki  maddalaryň  hereketi barada giňişleýin düşünje bermek

2) Terbiýeçilik maksady:

Watana, Hormatly Prezidentimize söýgi, ylym-bilime höwes duýgularyny terbiýelemek. Okuwçylarda  janly tebigata bolan söýgini  döretmek 

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

4. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

1. Agaç ýogynlygyna nähili ösýär?

2. Näme üçin agaç gatlagy gabyga garanda çalt ösýär?

3. Näme üçin agaç halkalaryna ýyllyk halkalar diýilýär?

4. Näme sebäpden agaçda ýyllyk halkalar deň ýasylykda bolmaýar?

5. Agaç töňňesiniň gurluşyna seredip, taraplary kesgitläp bolarmy?

3. Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylardan öýe berlen ýumuşlary soraýaryn. Olara kartoçkalar berip sorag-jogap alyşýaryn.

4. Täze temany düşündirmek:  

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Suwuň we onda erän mineral duzlaryň agaç gatlagy boýunça hereketi.

2. Ösümlikleriň iýmitlenişleri barada aýdyp bermek.

3. Baldagyň gabygy boýunça organiki maddalaryň hereketi.

                        Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Tebigy ösümlik toparlanmalarynyň gurluşyny, özgerişini, gatlaklylygyny, olaryň düzümindäki ösümlikleriň bilelikde ýaşamaga uýgunlaşyş aýratynlyklaryny (ülke maglumatlarynyň mysalynda);

– Ýabany we medeni ösýän ösümlikleriň esasy görnüşlerini, olaryň tebigatdaky, we halk hojalygyndaky tutýan ornuny;

– Ösümlikleriň organlarynyň (kök, baldak, ýaprak, gül, miwe we tohum) ýerine ýetirýän işlerini we olaryň ähmiýetini;

– Älem möçberinde howanyň üýtgemegi bilen baglylykda Türkmenistanda ösümlik dünýäsini aýawly ulanmak, gorap saklamak we köpeltmek babatda  geçirilýän çäreleri.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Miweli we bezeg baglaryna ideg etmegi (agaçlaryň düýbüni ýumşatmagy, guran we döwlen şahalaryny kesmegi, sütünlerindäki we şahalaryndaky ýaralary bejermegi);

– Howanyň üýtgemeginiň ösümlik örtügine täsirini;

– Okuw kitabynyň ýazgylary we suratlary bilen işlemegi;

– Biologiýa (ösümlikler) dersinde ulanylýan düşünjeleriň we adalgalaryň sözlügi bilen işlemegi.

Suwuň we onda erän mineral duzlaryň agaç gatlagy boýunça hereketi. Mineral duzlaryň ergininiň baldagyň agaç gatlagyndan ýapraklara tarap hereket edýändigini aşakdaky iki tejribeden takyklamak bolar. Haýsy hem bolsa bir agajyň, meselem, tuduň ýaprakly şahasyny gyzyl syýa boýalan suwa salyp goýmaly. Birnäçe sagat geçenden soň, bu şahanyň bir bölegini keseligine, bir bölegini-de uzaboýuna kesmeli. Şonda kesilen şaha bölekleriniň agaç gatlagynyň reňklenendigini, gabyk hem-de özen gatlaklarynyň bolsa reňklenmän galandygyny görmek bolýar. Diýmek, reňklenen suw agaç gatlakdan ýokarlygyna hereket edipdir. Ýaprakly agajyň şahasyny kesip alyp, onuň aşak ujunyň biraz ýokarragyndan gabygyny halka şekilinde kesip aýyrmaly. Ondan soň şahany gabygynyň halka şekilli kesilip aýrylan ýeri suwdan birneme ýokarrakda durar ýaly edip, suwda goýmaly. Şonda şahanyň ýapraklarynyň uzak wagtlap süllermän saklanýandygyny görmek bolýar. Munuň özi suwuň agaç gatlak boýunça hereket edýändigini görkezýär. Baldagyň agaç gatlagynda örän köp sanly uzynja damarjyklar bolýar. Suw we onuň içinde erän duzlar agaç gatlagynyň şol damarjyklary boýunça kökden ýokarlygyna – ýapraklara tarap hereket edýär.

    Baldagyň gabygy boýunça organiki maddalaryň hereketi. Ösümlikleriň ýapraklarynyň ýagtylykda krahmal emele getirýändigini bilýärsiňiz. Krahmal dänejikler görnüşinde bolup, olar baldak boýunça hereket edip bilmeýär. Ýokumly maddalar diňe ergin halynda bolanda hereket edip bilýär. Şonuň üçinem ýaprakdaky krahmal dänejikleri şekere öwrülýär. Şeker suwda oňat ereýär hem-de gabykdaky elek şekilli turbajyklar boýunça ýaprakdan köke we ösümligiň beýleki organlaryna tarap hereket edýär. Ýaprakda emele gelýän organiki maddalaryň hasabyna ösümligiň hemme organlary iýmitlenýär. Erigiň, şetdalynyň, üzümiň, üljäniň miwelerini iýen wagtyňyzda olarda köp mukdarda şekeriň bardygyny tagamyndan bilýärsiňiz. Ýaprakdaky organiki maddalaryň baldagyň gabygy boýunça hereket edýändigini tejribe üsti bilen bilmek bolýar. Munuň üçin söwüdiň ýa-da deregiň ýaprakly şahasyny kesip almaly. Onuň aşaky ujunyň birneme ýokarsyndan baldagyň gabygyny halka şekilinde tegeläp aýyrmaly. Soňra ol şahany suwa salyp goýmaly. Deňeşdirip görmek üçin gabygy halkalaýyn kesilmedik başga bir şahany hem suwda goýmaly. Birnäçe hepde geçenden soň ol şahalaryň ikisinde-de goşmaçak ökler emele gelip başlaýar. Gabygy halkalaýyn kesilip aýrylan şahada kökler kesilen ýerden ýokarda, beýleki şahada bolsa kökler şahanyň aşak ujunda emele gelýär. Gabygyň kesilen ýeriniň aşak ýanynda kökleriň emele gelmezligine, organiki maddalaryň ýapraklardan baldagyň aşak ujuna geçmegine gabygyň halkalaýyn kesilmeginiň päsgel berýändigi sebäp bolýar. Organiki maddalar gabykdaky kesigiň ýokarsynda toplanyp, şol ýerdenem goşmaça kökler çykarýar. Bu bolsa kökleriň emele gelmegi üçin gerek bolan organiki maddalaryň gabyk boýunça hereket edýändigini görkezýär. Organiki maddalar ösümligiň ösýän organlarynyň ählisi üçin gerekdir. Şol maddalar gabygyň elek şekilli turbajyklary boýunça ösýän pudaklardyr köklere, açylyp barýan güllerdir süýjäp barýan miwelere tarap hereket edýär. Ösümlikde ýokumly maddalaryň hereketini sazlaşdyrmak bolýar. Meselem, gowaçanyň baldagynyň öserini çyrpyp aýyrmak bilen organiki maddalary ýapraklardan gül hem miwelere tarap hereket etmäge mejbur etmek bolýar.

5. Täze temany berkitmek:

1. Suw we onda erän mineral duzlar kökden ýapraklara tarap baldagyň haýsy bölegi boýunça hereket edýärler. Ony nähili subut etmek bolar?

2. Ösümlikleriň köklerinde, miwelerinde we beýleki organlarynda şekeriň bardygyny nähili bilmek bolar?

3. Ýaprakdaky organiki maddalar baldagyň haýsy bölegi boýunça hereket edýärler. Ony nähili subut edip bolar?

6. Öý işini tabşyrmak:

   §33 sah 95 Geçilen temany gowy özleşdirip gelmegi tabşyrmak.                                                                                                                                        

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

      Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

 

Ýazan mugallym:                                                              Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:      


 

Mekdebi:                                              Senesi:

Dersiň ady: Biologiýa                          Synpy:  VI      

Sapagyň temasy:

Baldakda  ätiýaçlyk  maddalaryň  toplanmagy

Sapagyň maksatlary:

 

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara baldakda  ätiýaçlyk  maddalaryň toplanmagy barada giňişleýin düşünje bermek

2) Terbiýeçilik maksady:

Watana, Hormatly Prezidentimize söýgi, ylym-bilime höwes duýgularyny terbiýelemek. Okuwçylarda  janly tebigata bolan söýgini  döretmek 

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

4. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

1. Suw we onda erän mineral duzlar kökden ýapraklara tarap baldagyň haýsy bölegi boýunça hereket edýärler. Ony nähili subut etmek bolar?

2. Ösümlikleriň köklerinde, miwelerinde we beýleki organlarynda şekeriň bardygyny nähili bilmek bolar?

3. Ýaprakdaky organiki maddalar baldagyň haýsy bölegi boýunça hereket edýärler. Ony nähili subut edip bolar?

3. Geçilen temany jemlemek:

Okuwçylardan öýe berlen ýumuşlary soraýaryn. Olara kartoçkalar berip sorag-jogap alyşýaryn.

4. Täze temany düşündirmek: 

  Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Ösümlikleriň ýapraklary barada gürrüň bermek.

2. Ösümlikleriň iýmitlenişleri barada aýdyp bermek.

3. Dem almagyň howadan iýmitlenmekden  tapawudy barada düşünje bermek.

                        Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Ösümlik organizminiň esasy ýaşaýyş işjeňligini (fotosintez, dem alyş, suwy bugartmak (transpirasiýa), maddalaryň hereketi we beýlekiler);

– Ösümlikleriň tohumlary we wegetatiw organlary arkaly köpelişini;

– Ýurdumyzda seýrek duş gelýändigi we ýitip gitmek howpy abanýandygy sebäpli, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň görnüşlerini.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Topragy bejermek, suwarmak, dökün dökmek ýaly işleri ýerine ýetirmegi;

– Ösümlikleri sapmak üçin taýýarlamagy we köpeltmegi, olary sapmagyň usullaryny;

– Tebigatda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini, edep-kadalaryny berjaý etmegi.

 Ösümlikleriň ýapraklarynyň ýagtylykda krahmal emele getirýändigini bilýärsiňiz. Krahmal dänejikler görnüşinde bolup, olar baldak boýunça hereket edip bilmeýär. Ýokumly maddalar diňe ergin halynda bolanda hereket edip bilýär. Şonuň üçinem ýaprakdaky krahmal dänejikleri şekere öwrülýär. Şeker suwda oňat ereýär hem-de gabykdaky elek şekilli turbajyklar boýunça ýaprakdan köke we ösümligiň beýleki organlaryna tarap hereket edýär. Ýaprakda emele gelýän organiki maddalaryň hasabyna ösümligiň hemme organlary iýmitlenýär. Erigiň, şetdalynyň, üzümiň, üljäniň miwelerini iýen wagtyňyzda olarda köp mukdarda şekeriň bardygyny tagamyndan bilýärsiňiz. Ýaprakdaky organiki maddalaryň baldagyň gabygy boýunça hereket edýändigini tejribe üsti bilen bilmek bolýar. Munuň üçin söwüdiň ýa-da deregiň ýaprakly şahasyny kesip almaly. Onuň aşaky ujunyň birneme ýokarsyndan baldagyň gabygyny halka şekilinde tegeläp aýyrmaly. Soňra ol şahany suwa salyp goýmaly. Deňeşdirip görmek üçin gabygy halkalaýyn kesilmedik başga bir şahany hem suwda goýmaly. Birnäçe hepde geçenden soň ol şahalaryň ikisinde-de goşmaçak ökler emele gelip başlaýar. Gabygy halkalaýyn kesilip aýrylan şahada kökler kesilen ýerden ýokarda, beýleki şahada bolsa kökler şahanyň aşak ujunda emele gelýär. Gabygyň kesilen ýeriniň aşak ýanynda kökleriň emele gelmezligine, organiki maddalaryň ýapraklardan baldagyň aşak ujuna geçmegine gabygyň halkalaýyn kesilmeginiň päsgel berýändigi sebäp bolýar. Organiki maddalar gabykdaky kesigiň ýokarsynda toplanyp, şol ýerdenem goşmaça kökler çykarýar. Bu bolsa kökleriň emele gelmegi üçin gerek bolan organiki maddalaryň gabyk boýunça hereket edýändigini görkezýär. Organiki maddalar ösümligiň ösýän organlarynyň ählisi üçin gerekdir. Şol maddalar gabygyň elek şekilli turbajyklary boýunça ösýän pudaklardyr köklere, açylyp barýan güllerdir süýjäp barýan miwelere tarap hereket edýär. Ösümlikde ýokumly maddalaryň hereketini sazlaşdyrmak bolýar. Meselem, gowaçanyň baldagynyň öserini çyrpyp aýyrmak bilen organiki maddalary ýapraklardan gül hem miwelere tarap hereket etmäge mejbur etmek bolýar.

Gowaçada şeker ergininiň hereket edişi

5. Täze temany berkitmek:

1. Gabygy halkalaýyn kesilip, suwda goýlan şaha syn ediň. Ýapraklarynyň süllermändiginiň sebäbini düşündirmäge çalşyň.

2. Söwüdiň ýa-da deregiň çybygynyň gabygyny halkalaýyn kesip aýyrmak bilen tejribe geçiriň. Çybykda goşmaça kökleriň emele gelşine syn ediň. Tejribeden netije çykaryň.

6. Öý işini tabşyrmak:

   §32 sah 95-96 Geçilen temany gowy özleşdirip gelmegi tabşyrmak.                                                                                                                                       

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

      Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

 

Ýazan mugallym:                                                              Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:      


 

Mekdebi:                                              Senesi:

Dersiň ady: Biologiýa                          Synpy:  VI      

Sapagyň temasy:

Görnüşini özgerden  pudaklar: kornewişe, kluben, soganlyk, olaryň  gurluşy,  biologik  we  hojalyk  ähmiýeti. Tejribe  iş-11. Soganlygyň, klubeniň  we kornewişäniň  gurluşyny  öwrenmek .

Sapagyň maksatlary:

 

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara görnüşini özgerden  pudaklar: kornewişe, kluben, soganlyk, olaryň gurluşy, biologik we hojalyk ähmiýeti barada giňişleýin düşünje bermek

2) Terbiýeçilik maksady:

Watana, Hormatly Prezidentimize söýgi, ylym-bilime höwes duýgularyny terbiýelemek. Okuwçylarda  janly tebigata bolan söýgini  döretmek 

Sapagyň görnüşi:

Garyşyk sapak

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

4. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:

1. Gabygy halkalaýyn kesilip, suwda goýlan şaha syn ediň. Ýapraklarynyň süllermändiginiň sebäbini düşündirmäge çalşyň.

2. Söwüdiň ýa-da deregiň çybygynyň gabygyny halkalaýyn kesip aýyrmak bilen tejribe geçiriň. Çybykda goşmaça kökleriň emele gelşine syn ediň. Tejribeden netije çykaryň.

3.  Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak:

Sorag-jogap alyşmak.

4. Geçilen temany jemlemek: Okuwçylardan öýe berlen ýumuşlary soraýaryn. Olara kartoçkalar berip sorag-jogap alyşýaryn.

5. Täze temany düşündirmek:   

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Ýerasty baldak.

2. Kornewişe.

3. Soganlyk (lukowisa).

                        Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Ösümlikleriň öýjükli gurluşyny, ösümlik öýjükleriniň böleklerini (barda, sitoplazma, ýadro, plastidler, wakuol), dokumalarynyň we organlarynyň gurluşyny, görnüşlerini;

– Ösümlikleriň tebigatdaky we adamyň durmuşyndaky ornuny we ähmiýetini;

– Bakteriýalaryň, kömelekleriň, lişaýnikleriň gurluş aýratynlyklaryny we hojalyk ähmiýetini.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Kesgitleýjileriň kömegi bilen ösümlikleri kesgitlemegi;

– Esasy oba hojalyk ekinlerini tanamagy we kesgitlemegi;

– Okuw kitabynyň mazmunyndan esasy pikirleri ýüze çykarmagy, soraglara jogap tapmagy.

Ýerasty baldak. Topragyň aşagynda ösýän baldaga ýerasty baldak diýilýär.

Ýerasty baldaga kornewişe (porruk), kluben (düwün), soganlyk degişlidir. Ýerasty baldak ýerüsti baldakdan ýapraklarynyň solgun (ak, gülgüne ýa-da goňur) reňki hem-de onda aňsatlyk bilen goşmaça kökleriň emele gelýändigi bilen tapawutlanýar. Topragyň astyndaky baldagy kökden nähili tapawutlandyryp bolýar? Baldagyň gurluşyny ýada salsak, onda onuň bogunlardan hem-de bogun aralaryndan durýandygy size mälimdir. Bogunlarda reňksiz hem bolsa ýapraklar we onuň goltugynda pyntyklar bolýar. Kökde bogunlar we bogun aralary bolmaýar, teňňe şekilli ýapraklary, depe pyntyklary hem ýokdur. Köküň ujunda kök oýmajygy bardyr. Ýerasty baldak ösümliklere gyşda aman galmaga kömek edýär. Çünki topragyň astyndaky ösümligiň pyntygy toprak arkaly goralandyr. Ondan hem başga ýerasty baldak, pyntykdan baldagyň ösüp çykmagy üçin zerur bolan ätiýaçlyk maddalary toplaýan organdyr.    Kornewişe – özgeren ýerasty baldakdyr. Ol ýerüsti baldaga kän bir meňzeş däldir. Daşky görnüşi boýunça kornewişe köke meňzeşdir. Gyýak, ýylak, topalak, garaçaýyr, gamyş we başga‑da ençeme otjumak ösümlikleriň kornewişesi bolýar. Bu ösümlikleriň ýerüsti baldaklarynda bolşy ýaly, ýerasty baldaklarynda hem bogun we bogun aralary bardyr. Şeýle-de bolsa ol daşky görnüşi boýunça ýerüsti baldakdan tapawutlanýar. Kornewişe topragyň içinde keseleýin ýerleşýär. Onda ösüp ýetişmedik, kiçijik teňňe görnüşli goňur reňkdäki guran ýapraklar bolýar. Kornewişede goşmaça köklerem, gapdal we depe pyntyklaram bardyr.      Kluben – özgeren ýerasty baldakdyr. Ol kornewişeden baldaklarynyň gysgalygy hem-de ýognaslygy bilen tapawutlanýar. Olaryň ýapraklary ösen däldir. Ýerüsti baldakda bolşy ýaly, klubende depe hem-de (ösmedik ýapraklarynyň goltugynda) gapdal pyntyklary bolýar. Klubende goşmaça kök bolmaýar. Kartofeliň mysalynda ýerasty klubeniň gurluşyny öwrenmek bolar. Kartofeliň klubeni kökden emele gelmän, gapdala uzalyp gidýän inçejik ýerasty baldaklaryň uçlaryndan ösüp ýetişýär. Oňa stolon diýilýär. Eger-de kartofeliň şahalary boglup, organiki maddalaryň hereketi saklansa ýa-da baldagyň düýbüne yzgarly gum üýşürilse, klubeniň baldakdan emele gelýändigini görmek bolýar. Şeýlelikde, ýapraklarda emele gelýän organiki maddalar kartofeliň klubeninde toplanyp, olary ýognaldýar. Kartofeliň klubeni, köplenç, süýrüräk bolýar, ýöne togalaklary hem bardyr. Klubeniň ýerasty baldagyna birleşýän tarapyna onuň düýbi, beýleki tarapyna bolsa onuň depesi diýilýär. Klubeniň üstünde pyntyklar – gözjagazlar bolýar. Olar klubeniň depesinde has köp, düýbünde bolsa azrakdyr.       Soganlyk (lukowisa) – gysgalan baldakdyr. Onuň kornewişe bilen klubenden tapawutlylykda ýapraklary ösendir. Soganlygyň ýasy we örän gysga baldaklary bolýar. Ätiýaçlyk maddalar onuň ýapraklarynda toplanýar. Ýapraklary etlek, galyň we şireli gabyklardan ybaratdyr. Soganlygyň şeýle ýapraklary reňksiz, käte gyzgylt reňklidir. Sogan, sarymsak, çigildem, ýuwa ýaly ösümlikler soganlykly ösümliklere degişlidir. Olaryň soganlygynda baldak örän gysga bolýar. Emma gat-gat ýerleşen ýapraklary (gabyklary) has oňat ösendir. Soganlygyň gurluşy pyntygyň gurluşyna meňzeşdir. Eger soganlygy dikligine kesip, onuň içki bölegine syn etsek, onda aşaky böleginde ujy pyntyk bilen gutarýan gysga ýasy baldagy görmek bolýar. Soganlygyň içindäki baldaga düýp diýilýär. Düýbüň üstünde bir-birine jebis ýanaşyp duran gat-gat etlek gabyklar bardyr. Şol etlek gabyklar özgeren ýapraklardyr. Olaryň öýjüklerinde ýokumly ätiýaçlyk maddalary toplanýar. Pyntykda bolşy ýaly, soganlygyň daşy hem gataňsy gury gabyk bilen örtülendir. Gabyk ony tomsuna guramakdan, gyşyna bolsa sowuk urmakdan gorap saklaýar. Gabyklaryň arasynda ýaşajyk pyntyklar bolup, indiki ýyl şolardan täze soganlyk ösüp çykýar. Soganlygyň içindäki baldakda ýapraklar we pyntyklar bolýar. Soganlyga ýerasty baldak diýilmeginiň sebäbi hem şonuň üçindir. Türkmenistanda soganlykly ýabany we medeni ösümlikleriň ençeme görnüşleri ösýär. Ýabany soganlykly ösümliklere çigildem, däligöjele, alwanjyk, alwan, göjele, ýuwa we beýlekiler degişlidir. Olaryň peýdaly görnüşleriniň birnäçesini adam uzak wagtyň dowamynda oňat şertlerde ösdürip ýetişdirmek bilen medenileşdiripdir. Soganlykly ösümlikleriň arasynda bezeg üçin ekilýän örän owadan gülli görnüşleri hem köpdür. Soganlykly ösümliklerden medeni soganyň ähmiýeti uludyr. Adam sogany iýmit üçin peýdalanýar. Onda şeker we witaminler köp bolýar. Soganda kesel dörediji mikroorganizmleri ýok edýän fitonsid maddalary bardyr.

Gyýagyň kornewişesiniň gurluşynyň agaçlaşan  baldak bilen deňeşdirilişi:

1 – kökleri; 2 – gapdal pyntyklary; 3 – depe pyntyklary

6. Täze temany berkitmek:

1. Ýerasty baldak nähili bolýar we ol ýerüsti baldakdan name bilen tapawutlanýar?

2. Kornewişe näme?

3. Kornewişäniň kökden nähili tapawudy bar?

4. Klubeniň haýsy alamatlary onuň ýerasty baldakdygyny subut edýär?

5. Soganlyk kornewişeden we klubenden nähili tapawutlanýar?

6. Ýerasty baldakly ösümlikleriň peýdasy nämeden ybarat?

7. Öý işini tabşyrmak:    §34 sah 97-100 Geçilen temany gowy özleşdirip gelmegi tabşyrmak.                                                                                                                                       

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

      Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

 

Ýazan mugallym:                                                              Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:      


 

Mekdebi:                                              Senesi:

Dersiň ady: Biologiýa                          Synpy:  VI      

Sapagyň temasy:

Ýaprak. Daşky gurluşy we onuň ýerine ýetirýän işleri. Tejribe iş-12. Ýönekeý we çylşyrymly ýapraklaryň baldakda ýerleşişini we  damarlanyşyny öwrenmek.

Sapagyň maksatlary:

 

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara ýaprak, daşky gurluşy we onuň ýerine ýetirýän işleri barada giňişleýin düşünje bermek

2) Terbiýeçilik maksady:

Watana, Hormatly Prezidentimize söýgi, ylym-bilime höwes duýgularyny terbiýelemek. Okuwçylarda  janly tebigata bolan söýgini  döretmek 

Sapagyň görnüşi:

Garyşyk sapak

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

4. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:

1. Ýerasty baldak nähili bolýar we ol ýerüsti baldakdan name bilen tapawutlanýar?

2. Kornewişe näme?

3. Kornewişäniň kökden nähili tapawudy bar?

4. Klubeniň haýsy alamatlary onuň ýerasty baldakdygyny subut edýär?

5. Soganlyk kornewişeden we klubenden nähili tapawutlanýar?

6. Ýerasty baldakly ösümlikleriň peýdasy nämeden ybarat?

3.  Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak:

Sorag-jogap alyşmak.

4. Geçilen temany jemlemek: Okuwçylardan öýe berlen  ýumuşlaryny kartoçkalar we sorag-jogap arkaly soraýaryn.

5. Täze temany düşündirmek:   

   Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Ýapragyň daşky gurluşy.

2. Ösümlikleriň ýaşaýşynda topragyň, suwuň, ýagtylygyň, howanyň  ähmiýeti barada gürrüň bermek.

3. Ýagtylygy halaýan, kölegäni halaýan we kölegä çydamly ösümlikleri gürrüň bermek.

                        Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Ösümlikleriň esasy bölümleriniň (suwotular, moh şekilliler, paporotnik şekilliler, plaunlar, hwoşlar, ýalaňaç tohumly we ýapyk tohumly ösümlikler) biologik we ekologik aýratynlyklaryny;

– Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň görnüşlerini, olaryň tohumlarynyň ekiliş we ideg ediliş aýratynlyklaryny;

– Ösümlik dünýäsiniň taryhy ösüşi netijesinde olaryň çylşyrymlaşmagynyň yzygiderliligini.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Gülli ösümlikleriň organlaryny tanamagy;

– Tebigatda ösümlik dünýäsindäki möwsümleýin özgermelere gözegçilik etmegi,

    gözegçiligiň netijelerini özleşdirmegi we ondan özbaşdak netije çykarmagy;

– Oba hojalyk ekinlerini ekmegi, ideg etmegi, hasylyny ýygnamagy;

– Dürli çeşmelerdäki ösümlikler baradaky zerur bolan maglumatlary, adalgalary  internetden tapmagy  we peýdalanmagy.

   Ýapragyň daşky gurluşy.  Ýaprak ýasy plastinkadan hem-de inçejik ýaprak sapgyndan ybaratdyr. Ýaprak plastinksy onuň gişelen bölegi bolup, öz aşak ýüzi bilen ýaprak sapagyna birleşýär. Sapagyň kömegi bilen ýaprak baldaga berkleşýär. Şonuň ýaly ýapraga sapakly ýaprak diýilýär. Ýaprak sapakly ösümliklere gowaçany, kerkawy, üljäni, erigi we ş.m mysal etmek bolýar. Ýaprak sapagy çeýe bolany sebäpli ýapraga güýçli ýel hem ýagyş täsir edip bilmeýär. Ýaprak  sapagynyň aşaky ujy ýaprak plastinkasynyň esasyna birleşýär. Ol hem baldak we onuň bogunlary bilen birleşýär. Onuň esasynda köplenç goşmaça ösüntgiler emele gelýär. olara ýaprakýanydiýilýär. Olar adatça iki sany bolup, aýry-aýry ýa-da bitişendirler. Ýaprakýany, köplenç, ýapragyň özüne meňzeş ýaşyl reňkde bolýar. Olar ölçegi boýunça ýaprakdan kiçidir. Käbir ösümlikleriň ýapraklary sapaksyz bolup, ýaprak plastinkasy gös-göni baldagyň üstünde ýerleşýär. Olar ýaly ýapraga oturan ýapraklar diýilýär. Meselem ýap boýlarynda ösýän narpyzyň, haşal otlardan kekräniň we ş.m oturan ýapraklary bardyr. Ýapragyň damarlanyşy.-ýaprak plastinkasynda köp sanly damarlar bolýar. Olar ýapragyň sapajygyndan uzalyp gidip, ýaprak plastinkasynda şahalanýar. Damarlar ýaprak plastinkasyny ýazgyn saklaýar we oňa daýanç boýar. Ondan başga-da  ýokuççmly maddalaryň ergini hereket edipdurýar. Ýaprakda damarlaryň şahalanyşy parallel, ýaý şekilli, tor şekilli, ýelek şekilli bilýar.

Ýapraklaryň damarlanyşy: 1 – çitçitiniň ýapragynyň tor ýelek şekilli

damarlanyşy; 2 – kerkawyň ýapragynyň tor penje şekilli damarlanyşy

6. Täze temany berkitmek:

1. Ýaprak nähili işleri ýerine ýetirýär?

2. Ýaprak haýsy böleklerden ybarat?

3. Haýsy ýapraklara sapakly, oturan we gynly ýapraklar diýilýär?

4. Ýaprakýany näme?

5. Ýapragyň damarlary nähili işleri ýerine ýetirýär?

6. Haýsy ösümlikleriň ýapraklary ugurdaş hem-de ýaý şekilli

damarlanan?

7. Haýsy ösümlikleriň ýapraklary tor hem-de ýelek şekilli damarlanan?

7. Öý işini tabşyrmak:

   §35 sah 101-103 Geçilen temany gowy özleşdirip gelmegi tabşyrmak.                                                                                                                                       

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

      Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

 

Ýazan mugallym:                                                              Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:      


 

Mekdebi:                                              Senesi:

Dersiň ady: Biologiýa                          Synpy:  VI      

Sapagyň temasy:

Ýönekeý we çylşyrymly ýapraklar. Ýapraklaryň baldakda ýerleşişi

Sapagyň maksatlary:

 

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara ýönekeý we çylşyrymly ýapraklar, ýapraklaryň baldakda ýerleşişi barada giňişleýin düşünje bermek

2) Terbiýeçilik maksady:

Watana, Hormatly Prezidentimize söýgi, ylym-bilime höwes duýgularyny terbiýelemek. Okuwçylarda  janly tebigata bolan söýgini  döretmek 

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

4. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

1. Ýaprak nähili işleri ýerine ýetirýär?

2. Ýaprak haýsy böleklerden ybarat?

3. Haýsy ýapraklara sapakly, oturan we gynly ýapraklar diýilýär?

4. Ýaprakýany näme?

5. Ýapragyň damarlary nähili işleri ýerine ýetirýär?

6. Haýsy ösümlikleriň ýapraklary ugurdaş hem-de ýaý şekilli

damarlanan?

7. Haýsy ösümlikleriň ýapraklary tor hem-de ýelek şekilli damarlanan?

3. Geçilen temany jemlemek: Okuwçylardan öýe berlen  ýumuşlaryny kartoçkalar we sorag-jogap arkaly soraýaryn.

4. Täze temany düşündirmek:   

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Sada ýaprak.

2. Çylşyrymly ýapraklar.

3. Ýagtylygy halaýan, kölegäni halaýan we kölegä çydamly ösümlikleri gürrüň bermek.

                        Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Ösümlikleriň sistematik birlikleri (görnüş, urug, maşgala, klas, bölüm, şalyk) baradaky maglumatlary wideoşekiller, slaýdlar arkaly;

– Türkmenistanda ösýän käbir peýdaly ösümlikleri (dermanlyk, iýmitlik, boýag, bezeg, efir ýaglaryny berýän we beýlekiler) we olaryň ýaşaýyş şertlerini, ýaýraýşyny, ulanylyşyny;

– Ösümliklere janly we jansyz tebigatyň ekologik faktorlarynyň edýän  täsirini.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Ösümliklerde iýmitleniş, dem alyş, ösüş hadysalaryny ýüze çykarmak maksady  bilen ýönekeý tejribeleri geçirmegi;

– Ulaldyjy abzallardan peýdalanmagy, mikropreparat taýýarlamagy, olary lupa we mikroskop arkaly öwrenmegi, ösümlikler baradaky maglumatlary  wideoşekiller, slaýdlar arkaly kompýuterde we interaktiw tagtada görkezip, olardan ýerlikli peýdalanmagy;

– Mekdebiň töweregini we ýaşaýan ýeriňi gür baglyga, bagy-bossanlyga öwürmek babatda geçirilýän ýowarlara gatnaşmagy;

– Ösümlikler baradaky wideo-audiomateriallardan, interaktiw-multimedia programmalaryndan, okuw-görkezme esbaplaryndan, maglumat kitapçalaryndan peýdalanmagy.

   Aýry-aýry ösümlikleriň ýapraklary formalary boýunça biri-birine meňzemeýär. Olary sada we çylşyrymly ýapraklar diýip toparlara bölýärler. Sada ýaprak- sada ýapragyň ýaprak sapagynda diňe ýekeje ýaprak plastinkasy bolýar. Mysal üçin tut,dub we ş.m. Çylşyrymly ýapraklar- çylşyrymly ýapraklarda bolsa birnäçe ýaprak plastinkalary bir sapakda ýerleşýärler. Mysal üçin akatsiýa, malina, ýer tudanasy we ş.m. Sada ýapraklaryň arasynda bitewisi, per şekillisi, bölüneni we çapylany bar. Ýaprak sapagy çeýe bolany sebäpli ýapraga güýçli ýel hem ýagyş täsir edip bilmeýär. Ýaprak  sapagynyň aşaky ujy ýaprak plastinkasynyň esasyna birleşýär. Ol hem baldak we onuň bogunlary bilen birleşýär. Onuň esasynda köplenç goşmaça ösüntgiler emele gelýär. olara ýaprakýanydiýilýär. Olar adatça iki sany bolup, aýry-aýry ýa-da bitişendirler. Ýaprakýany, köplenç, ýapragyň özüne meňzeş ýaşyl reňkde bolýar. Olar ölçegi boýunça ýaprakdan kiçidir. Käbir ösümlikleriň ýapraklary sapaksyz bolup, ýaprak plastinkasy gös-göni baldagyň üstünde ýerleşýär. Olar ýaly ýapraga oturan ýapraklar diýilýär. Meselem ýap boýlarynda ösýän narpyzyň, haşal otlardan kekräniň we ş.m oturan ýapraklary bardyr. Ýapragyň damarlanyşy.-ýaprak plastinkasynda köp sanly damarlar bolýar. Olar ýapragyň sapajygyndan uzalyp gidip, ýaprak plastinkasynda şahalanýar. Damarlar ýaprak plastinkasyny ýazgyn saklaýar we oňa daýanç boýar. Ondan başga-da  ýokumly maddalaryň ergini hereket edipdurýar. Ýaprakda damarlaryň şahalanyşy parallel, ýaý şekilli, tor şekilli, ýelek şekilli bilýar.

Ýaprak plastinkasynyň gyralarynyň görnüşleri:

1 – gyrasy bitewi; 2 – dişelen; 3 – byçgy şekilli ; 4 – gädilen; 5 – aýlaw dişli

5. Täze temany berkitmek:

1. Sada ýaprak çylşyrymly ýaprakdan nähili tapawutlanýar?

2. Ýapraklaryň haýsy görnüşlerini bilýärsiňiz?

3. Ýapraklaryň gyralary nähili bolýar?

4. Ösümlikleriň ýapraklary baldakda nähili ýerleşýärler?

6. Öý işini tabşyrmak:

   §36 sah 104-106 Geçilen temany gowy özleşdirip gelmegi tabşyrmak.                                                                                                                                       

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

      Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

 

Ýazan mugallym:                                                              Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:      


 

Mekdebi:                                              Senesi:

Dersiň ady: Biologiýa                          Synpy:  VI      

Sapagyň temasy:

Görnüşini özgerden ýapraklar

Sapagyň maksatlary:

 

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara görnüşini özgerden ýapraklar barada giňişleýin düşünje bermek

2) Terbiýeçilik maksady:

Watana, Hormatly Prezidentimize söýgi, ylym-bilime höwes duýgularyny terbiýelemek. Okuwçylarda  janly tebigata bolan söýgini  döretmek 

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

4. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

1. Sada ýaprak çylşyrymly ýaprakdan nähili tapawutlanýar?

2. Ýapraklaryň haýsy görnüşlerini bilýärsiňiz?

3. Ýapraklaryň gyralary nähili bolýar?

4. Ösümlikleriň ýapraklary baldakda nähili ýerleşýärler?

3. Geçilen temany jemlemek: Okuwçylardan öýe berlen ýumuşlaryny sorag-jogap arkaly soraýaryn.

4. Täze temany düşündirmek:

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Çygly we gurak şertlerde ösýän ösümlikler.

2. Gurak howa şertlerinde ösýän ösümlikler suwy az bugartmaga uýgunlaşyşy barada aýdyp bermek.

3. Baldaklaryny dik saklamaga kömek edýän ösümlikleriň ýapraklary.

4. Mör-möjek iýiji ösümlik bolan gyrawjygyň ýapraklarynyň aýratynlyklary.

                        Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Tebigy ösümlik toparlanmalarynyň gurluşyny, özgerişini, gatlaklylygyny, olaryň düzümindäki ösümlikleriň bilelikde ýaşamaga uýgunlaşyş aýratynlyklaryny (ülke maglumatlarynyň mysalynda);

– Ýabany we medeni ösýän ösümlikleriň esasy görnüşlerini, olaryň tebigatdaky, we halk hojalygyndaky tutýan ornuny;

– Ösümlikleriň organlarynyň (kök, baldak, ýaprak, gül, miwe we tohum) ýerine ýetirýän işlerini we olaryň ähmiýetini;

– Älem möçberinde howanyň üýtgemegi bilen baglylykda Türkmenistanda ösümlik dünýäsini aýawly ulanmak, gorap saklamak we köpeltmek babatda  geçirilýän çäreleri.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Miweli we bezeg baglaryna ideg etmegi (agaçlaryň düýbüni ýumşatmagy, guran we döwlen şahalaryny kesmegi, sütünlerindäki we şahalaryndaky ýaralary bejermegi);

– Howanyň üýtgemeginiň ösümlik örtügine täsirini;

– Okuw kitabynyň ýazgylary we suratlary bilen işlemegi;

– Biologiýa (ösümlikler) dersinde ulanylýan düşünjeleriň we adalgalaryň sözlügi bilen işlemegi.

   Daşky gurşawyň şertleri, şeýle-de çyglylyk, ýagtylyk we kölege düşmegi ýapragyň gurluşyna täsir edýär. Şol sebäpli çygly we gurak ýerde ösýän ösümlikler daşky keşbi boýunça tapawutlanýarlar. Ýurdumyzda ýollaryň we ýaplaryň gyralarynda uly ýaprakly kerkaw, katalpa, dardar (ýasen), toraňňy ýaly agaçlar ösýär. Bu ösümlikler suwy köp sorýarlar, olaryň ýapraklary sorulyp alnan suwy güýçli bugardýarlar. Şonuň üçin olaryň watany ýokary çyglylygy bolan ýurtlar hasaplanýar. Uly we ýasy ýapraklar ösümligiň çygly ýerde ösýändigine şaýatlyk edýär. Ýaprak näçe uly bolsa, ösümlik şonça‑da çygy köp bugardýar. Gurak ýerde ösýän ösümlikler suwy az bugartmak üçin dürli uýgunlaşmalara eýe bolupdyrlar. Mysal üçin, suw ýetmezçilik edýän we ýokary temperaturada ösýän çöl ösümlikleriniň ýapragy uşakdyr (özgeren). Olara mysal edip gandymy, çerkezi, çogany we beýlekileri alsa bolar. Käbir çöl ösümlikleriniň ýapragy teňňejige çenli reduktirleşen (mysal üçin, ak sazakda). Şonuň üçin olar suwy az bugardýarlar. Käbir ösümliklerde ýapraklary bolmandan soň, ýapragyň wezipesini birýyllyk baldaklary ýerine ýetirýär. Oňa gara sazak we beýlekiler mysal bolup biler. Gurak ýerleriň ösümlikleri diňe bir ýaprak plastinkalarynyň ölçegini kiçeltmän, suwy az bugartmak üçin ýapraklaryny gür tüýler, mum bilen hem örtýärler. Şeýle‑de ýapraklarynda agyzjyklar az bolýar. Käbir çöl ösümlikleriň ýaz aýlary çyglylyk ýeterlik wagty ýapraklary uly bolýar, tomus aýlary yssynyň düşmegi bilen uly ýapraklary dökülýär we ölçegi kiçi ýapraklar bilen çalyşýar. Mysal üçin, sözenek, güneýik we beýlekiler. Türkmenistanda ösýän zirkiň, ýandak, garamandalak (çertopoloh) we beýleki ösümlikleriň ýapraklary özgerip, tiken görnüşini alypdyr. Şeýle tikenler ösümlikleri (zirk, ýandak, itburun we beýlekiler) haýwanlaryň iýmeginden gorap saklaýar. Ýapraklar özgerip, hakyky ýapraklara häsiýetli bolmadyk işleri ýerine ýetirip bilýärler. Mysal üçin, kelemiň ýapragy we soganyň soganlygynyň şireli gabyklary iýmit maddalaryny toplaýarlar. Mäş, nohut, noýba ýaly ösümlikleriň ýapraklarynyň ýokarky bölegi murtjagazlara öwrülendir. Olar baldagy dik saklamaga kömek edýärler. Pyntyklaryň örtüji teňňeleri hem görnüşini özgerden ýaprakdyr. Olar zordan göze ilýän uşajyk teňňejikler bilen örtülendir. Bu teňňejikler pudagyň başlangyjyny daşky gurşawyň zyýanly täsirlerinden gorap saklaýar. Mör-möjek iýiji ösümlikleriň ýapraklarynyň özboluşly özgerendigini görmek bolýar. Torfly batgalyklarda pes boýly gyrawjyk (rosýanka) diýlen ösümlik ösýär. Onuň ýapraklary gyrawy ýatladyp duran ýelim şekilli damja bölüp çykarýan tüýjagazlar bilen örtülen. Şonuň üçin bu ösümlige «gyrawjyk» – «rosýanka» diýip at berýärler. Ösümligiň ýapragyndaky gülgüne reňkli tüýjagazlary we ýalpyldawuk ýelim şekilli damjalar mör-möjekleri özüne çekýär. Ýaprakda mör‑möjekler ýelim şekilli ergine batýarlar. Ilki ýelim şekilli tüýjagazlar, soňra ýapragyň plastinkasy egrelýär we mör-möjegi tutýar. Haçan-da tüýjagazlar we ýapragyň plastinkasy täzeden ýazylanda mör-möjekleriň diňe daşky örtügi galýar, olaryň janly dokumalarynyň ählisini ösümligiň ýapragy sorýar we siňdirýär. Şeýlelik bilen mör-möjek iýiji ösümlikleriň ýapraklarynda tutujy apparat emele gelýär. Mör‑möjek iýiji ösümliklere gyrawjykdan başga‑da biziň ýurdumyzyň süýji suwlarynda ösýän böwenjik (puzyrçatka), Demirgazyk Amerikada ösýän siňek tutujy (muholow), tropiki ýurtlarda duş gelýän nepentes we Sumatra adasynda ösýän raffleziýa hem degişlidir. Raffleziýa ölçegi boýunça iň bir uly mör‑möjek iýiji ösümlik bolup, onuň ini (diametri) 90 sm, аgramy 7 kg-a deňdir. Ondan çykýan zaýalanan etiň ysyna meňzeş ys mör-möjekleri özüne çekýär. Şeýlelik bilen görnüşini özgerden ýapraklar adaty ýapraklardan tapawutly bolup, dürli işleri ýerine ýetirmäge uýgunlaşandyrlar.

Görnüşini özgerden ýapraklar:

1 – kaktusyň tikenleri; 2 – zirkiň tikenleri; 3 – nohudyň murtjagazlary

5. Täze temany berkitmek:

1. Çygly we gurak şertlerde ösýän ösümlikler bir-birlerinden näme bilen tapawutlanýarlar?

2. Gurak howa şertlerinde ösýän ösümlikler suwy az bugartmaga nähili uýgunlaşypdyrlar?

3. Baldaklaryny dik saklamaga kömek edýän ösümlikleriň ýapraklary nähili özgeripdir?

4. Mör-möjek iýiji ösümlik bolan gyrawjygyň ýapraklarynyň aýratynlyklary nämeden ybarat? Ol mör‑möjekleri nähili ýol bilen tutýar?

6. Öý işini tabşyrmak:

§37  sah 106-109 Geçilen temany gowy özleşdirip gelmegi tabşyrmak.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

      Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

 

Ýazan mugallym:                                                              Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:      

Mekdebi:                                              Senesi:

Dersiň ady: Biologiýa                          Synpy:  VI      

Sapagyň temasy:

Ýapragyň ýerine ýetirýän işlerine laýyklykda mikroskopik gurluşy

Sapagyň maksatlary:

 

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara ýapragyň ýerine ýetirýän işlerine laýyklykda mikroskopik gurluşy barada giňişleýin düşünje bermek

2) Terbiýeçilik maksady:

Watana, Hormatly Prezidentimize söýgi, ylym-bilime höwes duýgularyny terbiýelemek. Okuwçylarda  janly tebigata bolan söýgini  döretmek 

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

4. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

1. Çygly we gurak şertlerde ösýän ösümlikler bir-birlerinden näme bilen tapawutlanýarlar?

2. Gurak howa şertlerinde ösýän ösümlikler suwy az bugartmaga nähili uýgunlaşypdyrlar?

3. Baldaklaryny dik saklamaga kömek edýän ösümlikleriň ýapraklary nähili özgeripdir?

4. Mör-möjek iýiji ösümlik bolan gyrawjygyň ýapraklarynyň aýratynlyklary nämeden ybarat? Ol mör‑möjekleri nähili ýol bilen tutýar?

3. Geçilen temany jemlemek: Okuwçylardan öýe berlen ýumuşlaryny sorag-jogap arkaly soraýaryn.

4. Täze temany düşündirmek:

  Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Ýokarky gabyjak barada gürrüň bermek.

2. Ösümlikleriň iýmitlenişleri barada aýdyp bermek.

3. Aşaky gabyjak barada düşünje bermek.

                   Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Ösümlik organizminiň esasy ýaşaýyş işjeňligini (fotosintez, dem alyş, suwy bugartmak (transpirasiýa), maddalaryň hereketi we beýlekiler);

– Ösümlikleriň tohumlary we wegetatiw organlary arkaly köpelişini;

– Ýurdumyzda seýrek duş gelýändigi we ýitip gitmek howpy abanýandygy sebäpli, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň görnüşlerini.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Topragy bejermek, suwarmak, dökün dökmek ýaly işleri ýerine ýetirmegi;

– Ösümlikleri sapmak üçin taýýarlamagy we köpeltmegi, olary sapmagyň usullaryny;

– Tebigatda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini, edep-kadalaryny berjaý etmegi.

Ýaşyl ýapraklaryň ösümlikleriň ýaşaýşynda ähmiýetini içgin öwrenmek üçin ýaprak plastinkasynyň içki gurluşy bilen tanşalyň. Ýaprak plastinkasy dürli keşpdäki we ölçegdäki öýjüklerden durýar. Ýapragyň öýjükli gurluşyny öwrenmek üçin ýandagyň, atgulagyň, gowaçanyň ýa-da başga bir ösümligiň ýapragyny ýiti päki bilen keseligine ýukajyk kesip almaly. Kesilip alnan ýaprak bölejiginden preparat taýýarlamaly. Preparata mikroskop astynda seredilende, ýapragyň ýokarsy bir-birine gysylyşyp duran öýjükleriň bir gatlagy bilen örtülendigini görmek bolýar. Bu gatlak ýapragyň gabyjagydyr. Gabyjak örtüji dokuma degişlidir, oňa epidermis diýilýär. Ýokarky gabyjak – ýapragyň ýagtylyga tarap bakyp duran tarapynda ýerleşen örtüji dokumadyr. Ol, köplenç, tüýjagazlar, kutikula we mum bilen örtülendir. Kutikula – bu suwy ýaramaz geçirýän maddalaryň gatlagy bolup, ýaprakdan suwuň köp ýitmezliginiň öňüni alýar. Gabyjagyň öýjükleri reňksiz hem durudyr Olar özünden ýapragyň içine ýagtylygy gowy geçirýärler. Ösümligiň beýleki dürli öýjükleri ýaly, ýapragyň gabyjagynyň hem her bir öýjüginde sitoplazma, ýadro we öýjük şiresinden doly wakuol bardyr. Gabyjak daş tarapda ýerleşmek bilen onuň içki näzik bölegini şikes ýetmekden hem-de guramakdan gorap saklaýar. Her bir ýaprakda gabyjagyň aşagynda şireli, ýumşak bölegi ýerleşýär. Onuň öýjükleri birnäçe hatardan we dürli görnüşdäki öýjüklerden durýar. Her bir öýjük gabyjakdan, sitoplazmadan we ýadrodan ybarat. Ýapragyň aşak ýüzi hem gabyjak bilen örtülendir. Aşaky gabyjak ýapragyň aşak ýüzündäki örtüji dokumadyr. Aşaky gabyjak hem ýokarky gabyjak ýaly, bir hatara ýerleşen dury we dürli görnüşdäki öýjüklerden durandyr. Aşaky gabyjagyň öýjükleriniň arasynda agyzjyk (ustisa) diýilýän kiçijik ýarçyk bardyr. Agyzjyklar – bu ýapragyň gabyjagynda ýerleşen we iki sany açyp‑ýapyjy öýjükler bilen gurşalan ýarçyk şekilli deşikdir.

Irisiň ýapragyndaky epidermis we agyzjyk (keseligine kesilen):

1 – açyp-ýapyjy öýjükler; 2 – epidermisiň öýjükleri;

3 – hloroplastly öýjükler; 4 – howa boşlugy

5. Täze temany berkitmek:

1. Ýaprak plastinkasynyň öýjükleriniň gurluşy nähili?

2. Ýapragyň gabyjagy nirede ýerleşýär?

3. Ýapragyň gabyjagy haýsy dokumadan durýar we ol nähili wezipäni ýerine ýetirýär?

4. Ýapragyň agyzjyklary nähili gurlan we haýsy wezipäni ýerine ýetirýär?

5. Gurak howa şertleri bolan ýerleriň ösümlikleriniň ýapraklarynyň gabyjagynyň aýratynlyklary nämeden ybarat?

6. Kutikula näme?

6. Öý işini tabşyrmak:

§38  sah 110-112 Geçilen temany gowy özleşdirip gelmegi tabşyrmak.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

      Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

 

Ýazan mugallym:                                                              Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:      


 

Mekdebi:                                              Senesi:

Dersiň ady: Biologiýa                          Synpy:  VI      

Sapagyň temasy:

Ýapragyň dokumalary. Tejribe  iş-13. Ýapragyň  daşyndaky gabyjagyna we dokumalaryna mikroskop  arkaly seretmek.

Sapagyň maksatlary:

 

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara ýapragyň dokumalary barada giňişleýin düşünje bermek

2) Terbiýeçilik maksady:

Watana, Hormatly Prezidentimize söýgi, ylym-bilime höwes duýgularyny terbiýelemek. Okuwçylarda  janly tebigata bolan söýgini  döretmek 

Sapagyň görnüşi:

Garyşyk sapak

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

4. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:

1. Çygly we gurak şertlerde ösýän ösümlikler bir-birlerinden näme bilen tapawutlanýarlar?

2. Gurak howa şertlerinde ösýän ösümlikler suwy az bugartmaga nähili uýgunlaşypdyrlar?

3. Baldaklaryny dik saklamaga kömek edýän ösümlikleriň ýapraklary nähili özgeripdir?

4. Mör-möjek iýiji ösümlik bolan gyrawjygyň ýapraklarynyň aýratynlyklary nämeden ybarat? Ol mör‑möjekleri nähili ýol bilen tutýar?

3.  Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak:

Sorag-jogap alyşmak.

4. Geçilen temany jemlemek: Okuwçylardan öýe berlen ýumuşlaryny sorag-jogap arkaly soraýaryn.

5. Täze temany düşündirmek: 

 Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Hlorofil barada gürrüň bermek.

2. Öýjük dokuma barada aýdyp bermek.

3. Hemra öýjükler barada düşünje bermek.

                        Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Ösümlikleriň öýjükli gurluşyny, ösümlik öýjükleriniň böleklerini (barda, sitoplazma, ýadro, plastidler, wakuol), dokumalarynyň we organlarynyň gurluşyny, görnüşlerini;

– Ösümlikleriň tebigatdaky we adamyň durmuşyndaky ornuny we ähmiýetini;

– Bakteriýalaryň, kömelekleriň, lişaýnikleriň gurluş aýratynlyklaryny we hojalyk ähmiýetini.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Kesgitleýjileriň kömegi bilen ösümlikleri kesgitlemegi;

– Esasy oba hojalyk ekinlerini tanamagy we kesgitlemegi;

– Okuw kitabynyň mazmunyndan esasy pikirleri ýüze çykarmagy, soraglara jogap tapmagy.

Ýapragyň gabyjagynyň aşagynda onuň şireli, ýaşyl reňkli ýumşak bölegi ýa-da esasy dokuma bardyr. Onuň birnäçe hatar ýerleşen dürli görnüşli öýjükleri bolýar. Her bir öýjük bardadan, sitoplazmadan we ýadrodan ybaratdyr. Emma onuň öýjükleri ýapragyň gabyjagynyň öýjüklerinden tapawutly bolýar. Ýapragyň ýumşak böleginiň öýjüklerinde ýaşyl reňkli köp sanly dänejikler bar. Şol dänejiklere hlorofil däneleri diýilýär. Ýapragyň ýaşyl reňkde bolmagy öýjüklerindäki hlorofil dänelerine baglydyr. Hlorofil dänelerinde aýratyn reňkleýji ýaşyl madda – hlorofil bardyr. Ýapragyň ýokarky gabyjagynyň öýjükleri uzynak bolup, dikligine ýerleşendir. Her bir öýjüge daşyndan syn etseň, edil sütünjige meňzeşdir. Oňa sütün şekilli dokuma diýilýär. Onuň kiçijik, köp sanly öýjügaralary howany aýlap durýar. Sütün şekilli dokumada fotosintez hadysasy geçýär. Sütün şekilli dokumanyň aşagynda (aşaky gabyjaga golaý) ýerleşen esasy dokumanyň ýene bir görnüşi bar. Oňa öýjük-öýjük dokuma diýilýär. Onuň öýjükleri seýrek ýerleşýär we olaryň arasynda uly ölçegli içi howa bilen doldurylan öýjügaralary bardyr. Esasy dokumanyň öýjügaralarynda öýjükden bu ýere gelýän suw buglary toplanýar. Öýjük‑öýjük dokumada fotosintez, gaz çalşygy we transpirasiýa (ösümligiň suwy bugartmagy) bolup geçýär. Sütün şekilli we öýjük-öýjük dokumalaryň öýjükleriniň gatlagy ýagtylyga baglydyr. Mysal üçin, sireniň ýagtylykda ösýän ýapragynyň, (ýagtylyk ýapragy), garaňkyda ösýän (garaňkylyk ýapragy) ýapragyna garanyňda sütün şekilli dokumasy güýçli ösendir. Geçiriji dokumalar. Ýapragyň ýumşak böleginiň içinde geçiriji damarjyklar bolýar. Şol damarlar kök we baldakdaky damaryň dowamydyr. Şeýle damarjyklara geçiriji desseler diýilýär. Olar süýüm hem-de agaçjymak süýüm ýaly geçiriji dokumalardan emele gelendir. Süýümiň üsti bilen şeker ergini ýaprakdan ösümligiň ähli organlaryna geçirilýär. Ýaprakda şekeriň nähili ýüze çykýandygyny indiki temada siz bilen öwreneris. Şekeriň ergini janly öýjüklerden emele gelen süýümiň elek şekilli turbajyklaryndan geçýärler. Şol öýjükler süýnmekdir. Gabyjakda öýjükler özüniň gysga taraplary bilen bir-birine galtaşýan ýerinde kiçijik yş emele getirýär. Öýjügiň diwarynyň yşly bölegi elege meňzeş bolandan soň oňa elek şekilli turbajyk diýip at beripdirler. Elek şekilli turbajyk organiki maddalary uzak ýerlere geçirip bilýär. Elek şekilli turbajygyň öýjükleriniň gapdalynda ölçegi boýunça kiçiräk janly öýjükler bir-birine gysylyşyp ýerleşýärler. Olara hemra öýjükler diýilýär. Geçiriji desseleriň düzümine süýümden başga-da agaçjymak süýüm hem girýär. Edil kökde bolşy ýaly, ýaprakdaky damarlarda suw hem-de onda erän mineral maddalar hereket edýärler. Ösümlik suwy we mineral maddalary köki bilen toprakdan sorup alýar. Soňra agaçjymak süýümiň damarlary arkaly baldaga we ýapragyň öýjüklerine geçirilýär. Şeýlelikde, ýaprakdan damarlar arkaly organiki maddalar ösümligiň dürli organlaryna barýar, kökden bolsa suw we mineral maddalar ýapraga geçirilýär. Ýaprakdan erginler elek şekilli turbajyklar boýunça geçirilýär, ýapraga bolsa erginler agaçjymak süýümleriň damarlary boýunça barýarlar. Geçiriji desseler ýapraga berklik berip, daýanç wezipesini hem ýerine ýetirýär.

Ýaprak plastinkasynyň kese kesimi: A – ýagtylykda ösen ýaprak: 1– gabyjak; 2 – sütün şekilli dokuma; 3 – öýjük-öýjük dokuma; 4 – geçiriji dokuma.

B – kölegede ösen ýaprak: 1 – gabyjak; 2 – sütün şekilli dokuma; 3 – öýjük-öýjük dokuma

6. Täze temany berkitmek:

1. Ýaprak haýsy dokumalardan durýar?

2. Bu dokumalar nähili işleri ýerine ýetirýärler?

3. Ýagtylykda we garaňkylykda ösen ýapraklaryň sütün şekilli

hem-de öýjük-öýjük dokumalary bir-birlerinden näme bilen

tapawutlanýar?

4. Ýapragyň geçiriji desseleriniň gurluşy nähili?

5. Ýaprakda hlorofil dänejikleri nähili emele gelýär?

7. Öý işini tabşyrmak:

§39  sah 112-114 Geçilen temany gowy özleşdirip gelmegi tabşyrmak.

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

      Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

 

Ýazan mugallym:                                                              Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:      

Mekdebi:                                              Senesi:

Dersiň ady: Biologiýa                          Synpy:  VI      

Sapagyň temasy:

Fotosintez we  onuň  ähmiýeti. Ýaprakda organiki maddalaryň  emele  gelşi.

Sapagyň maksatlary:

 

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara y fotosintez we onuň ähmiýeti barada giňişleýin düşünje bermek

2) Terbiýeçilik maksady:

Watana, Hormatly Prezidentimize söýgi, ylym-bilime höwes duýgularyny terbiýelemek. Okuwçylarda  janly tebigata bolan söýgini  döretmek 

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

4. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

1. Ýaprak haýsy dokumalardan durýar?

2. Bu dokumalar nähili işleri ýerine ýetirýärler?

3. Ýagtylykda we garaňkylykda ösen ýapraklaryň sütün şekilli

hem-de öýjük-öýjük dokumalary bir-birlerinden näme bilen

tapawutlanýar?

4. Ýapragyň geçiriji desseleriniň gurluşy nähili?

5. Ýaprakda hlorofil dänejikleri nähili emele gelýär?

3. Geçilen temany jemlemek: Okuwçylardan öýe berlen ýumuşlaryny sorag-jogap arkaly soraýaryn.

4. Täze temany düşündirmek:  

   Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Fotosintez we onuň ähmiýeti.

2. Ýaprakda organiki maddalaryň emele gelşi.

3. Ýagtylygy halaýan, kölegäni halaýan we kölegä çydamly ösümlikleri gürrüň bermek.

                        Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Ösümlikleriň esasy bölümleriniň (suwotular, moh şekilliler, paporotnik şekilliler, plaunlar, hwoşlar, ýalaňaç tohumly we ýapyk tohumly ösümlikler) biologik we ekologik aýratynlyklaryny;

– Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň görnüşlerini, olaryň tohumlarynyň ekiliş we ideg ediliş aýratynlyklaryny;

– Ösümlik dünýäsiniň taryhy ösüşi netijesinde olaryň çylşyrymlaşmagynyň yzygiderliligini.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Gülli ösümlikleriň organlaryny tanamagy;

– Tebigatda ösümlik dünýäsindäki möwsümleýin özgermelere gözegçilik etmegi,

    gözegçiligiň netijelerini özleşdirmegi we ondan özbaşdak netije çykarmagy;

– Oba hojalyk ekinlerini ekmegi, ideg etmegi, hasylyny ýygnamagy;

– Dürli çeşmelerdäki ösümlikler baradaky zerur bolan maglumatlary, adalgalary  internetden tapmagy  we peýdalanmagy.

Fotosintez we onuň ähmiýeti. Gün şöhlesinden peýdalanyp, ýaşyl ösümlikleriň organiki däl maddalardan (suw we kömürturşy gazy) organiki maddalary (şeker-glýukoza) emele getirip bilmeklerine fotosintez hadysasy diýilýär. Fotosintez netijesinde erkin kislorod bölünip çykýar. Şol kislorod ähli janly organizmleriň dem almagy üçin zerurdyr. Ol biziň hem dem alýan howamyzdyr. Fotosintez geçende emele gelýän organiki maddalar bolsa senagat önümleriniň we iýmitiň çeşmesidir. Ýaşyl ösümlikler fotosintez geçirmese, Ýer ýüzünde ýaşaýyş bolmazdy. Geçen sapaklarda siz ýapragyň we köküň ösümligi iýmit bilen üpjün edýän organlardygy bilen tanşypdyňyz. Ýaprak baldakda howa gurşawynda ýerleşýändigi sebäpli, ösümligi howadan iýmitlendirýär. Kök toprakda ýerleşýändigi üçin ösümligi toprakdan iýmitlendirýär.

Ýaprakda organiki maddalaryň emele gelşi. Ösümlik mineral duzlary köki bilen toprakdan alýar. Emma organiki maddalary howadan iýmitlenip, ösümligiň özi emele getirýär. Organiki maddalara krahmal, ýag, belok we beýlekiler degişlidir. Indi ösümlikde krahmalyň emele gelşine seredip geçeliň. Munuň üçin iki‑üç günläp garaňky ýerde we äpişgäniň öňünde ýagty düşýän ýerde goýan ösümliklerimizi alalyň. Olaryň hersinden bir ýapragy ýolup, öňki sapakdaky ýaly, ony spirtde gaýnadyp, ýapragyň ýaşyl reňkini aýralyň (bu işi mugallymyň özi ýerine ýetirýär). Reňki gaçan ýapraklary arassa suwda ýuwmaly. Soňra olary ýalpak gabyň üstünde ýazgyn serip, üstüne gowşak ýod erginini damdyrmaly. Az wagt geçenden soň ýod ergininiň täsir etmegi bilen garaňky ýerde goýlan ösümligiň ýapragynyň sary reňke, ýagtylykda duran ösümligiň ýapragynyň bolsa gök reňke boýalýandygyny görýäris. Ýod ergininde diňe krahmalyň gök reňke öwrülýändigini siz bilýärsiňiz. Diýmek, ýagtyda ýapraklarda krahmal emele gelýär eken.Ýene bir tejribe geçireliň. Munuň üçin iki sany gapak ýa-da gara kagyz bilen ýapylyp, ýagtyda goýlan ösümligi alalyň. Onuň ýapragyny kesip alyp, ondan gapaklary ýa-da gara kagyzlary aýralyň. Soňra ýapragy spirtde gaýnadalyň. Şonda ýaprakdaky hlorofil eräp, spirte çykar we onuň ýaşyl reňki öçer. Reňki öçen ýapragy ýalpak gapda ýazgyn goýup, üstüne ýod erginini damdyralyň. Biraz wagt geçenden soň ýapragyň ýagty düşen böleginiň ýoduň täsir etmegi bilen gök reňke öwrülýändigini, gapak bilen ýapylan ýeriniň bolsa sarymtyl reňkde galýandygyny göreris. Birinji tejribe ýagty düşen ýaprakda krahmalyň emele gelýändigini görkezýär. Ikinji tejribe ýapragyň diňe ýagty düşen böleginde krahmalyň emele gelýändigini görkezýär. Diýmek, ýaşyl ýapraklarda organiki madda – krahmal diňe ýagtylykda emele gelýär ekeni. Ösümligiň iýmitlenmegi üçin gerek bolan krahmalyň we beýleki organiki maddalaryň emele gelmeginde ýagtylygyň (Gün şöhlesiniň) uly orny bar. Oba hojalyk ekinlerini ösdürip, olardan bol hasyl almakda hem ýagtylygyň ähmiýeti uludyr. Mysal üçin, gowaça inedördül-gämikleýin usulda  ekilende, her bir ösümlige Günüň ýagtysy kadaly düşýär, netijede ösümlik oňat ösýär hem bol hasyl berýär.

Ýagtylykda ýaprakda krahmalyň emele gelşini görkezýän tejribe

5. Täze temany berkitmek:

1. Fotosintez näme we onuň nähili ähmiýeti bar?

2. Ýaprakda krahmalyň emele gelmegi üçin nähili şert gerek?

3. Ýagtylykda ösümligiň haýsy organynda krahmal emele gelýär?

4. Ýagty ýerde ösen ýaprakda krahmalyň emele gelýändigini nähili bilmek bolýar?

5. Oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin olary nähili usulda ekmeli?

6. Öý işini tabşyrmak:

§40 sah 115-117 Geçilen temany gowy özleşdirip gelmegi tabşyrmak.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

      Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

 

Ýazan mugallym:                                                              Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:      

Mekdebi:                                              Senesi:

Dersiň ady: Biologiýa                          Synpy:  VI      

Sapagyň temasy:

Ýapraklaryň ýagtylykda kömürturşy gazyny sorup alşy hem-de kislorody bölüp çykaryşy

Sapagyň maksatlary:

 

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara ýapraklaryň ýagtylykda kömürturşy gazyny sorup alşy hem-de kislorody bölüp çykaryşy barada giňişleýin düşünje bermek

2) Terbiýeçilik maksady:

Watana, Hormatly Prezidentimize söýgi, ylym-bilime höwes duýgularyny terbiýelemek. Okuwçylarda  janly tebigata bolan söýgini  döretmek 

Sapagyň görnüşi:

Garyşyk sapak

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

4. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öýe berlen ýazuw işleriň ýerine ýetirilişini barlamak:

1. Fotosintez näme we onuň nähili ähmiýeti bar?

2. Ýaprakda krahmalyň emele gelmegi üçin nähili şert gerek?

3. Ýagtylykda ösümligiň haýsy organynda krahmal emele gelýär?

4. Ýagty ýerde ösen ýaprakda krahmalyň emele gelýändigini nähili bilmek bolýar?

5. Oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin olary nähili usulda ekmeli? 

3.  Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak:

Sorag-jogap alyşmak.

4. Geçilen temany jemlemek: Okuwçylardan öýe berlen ýumuşlaryny sorag-jogap arkaly soraýaryn.

5. Täze temany düşündirmek: 

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Ösümlikleriň ýagtylykda howadan iýmitlenişi.

2. Krahmal ýapragyň  öýjükleri barada aýdyp bermek.

3. Tozganyň suwdan kömürturşy gazyny sorup alşy.

                        Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Ösümlikleriň sistematik birlikleri (görnüş, urug, maşgala, klas, bölüm, şalyk) baradaky maglumatlary wideoşekiller, slaýdlar arkaly;

– Türkmenistanda ösýän käbir peýdaly ösümlikleri (dermanlyk, iýmitlik, boýag, bezeg, efir ýaglaryny berýän we beýlekiler) we olaryň ýaşaýyş şertlerini, ýaýraýşyny, ulanylyşyny;

– Ösümliklere janly we jansyz tebigatyň ekologik faktorlarynyň edýän  täsirini.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Ösümliklerde iýmitleniş, dem alyş, ösüş hadysalaryny ýüze çykarmak maksady  bilen ýönekeý tejribeleri geçirmegi;

– Ulaldyjy abzallardan peýdalanmagy, mikropreparat taýýarlamagy, olary lupa we mikroskop arkaly öwrenmegi, ösümlikler baradaky maglumatlary  wideoşekiller, slaýdlar arkaly kompýuterde we interaktiw tagtada görkezip, olardan ýerlikli peýdalanmagy;

– Mekdebiň töweregini we ýaşaýan ýeriňi gür baglyga, bagy-bossanlyga öwürmek babatda geçirilýän ýowarlara gatnaşmagy;

– Ösümlikler baradaky wideo-audiomateriallardan, interaktiw-multimedia programmalaryndan, okuw-görkezme esbaplaryndan, maglumat kitapçalaryndan peýdalanmagy.

Ýaşyl ýapraklarda krahmalyň diňe ýagtylykda emele gelýändigini siz eýýäm bilýärsiňiz. Krahmal emele gelen wagtynda ösümligiň ýapraklary kömürturşy gazyny sorup alýar hem-de kislorody bölüp çykarýar. Ony aşakdaky tejribeler bilen subut etmek bolar. Iki sany çüýşe gaby almaly. Olarda otag ösümliginiň ýaprakly şahajygyny ýerleşdirmeli. Soňra çüýşe gaplaryň içini howa bilen doldurmaly. Gaplarda kömürturşy gazynyň bardygyny bilmek üçin, olaryň içine ýanyp duran otluçöp eltmeli. Eger olarda kömürturşy gazy bar bolsa, otluçöp söner. Soňra gaplaryň agzyny gapak bilen pugta ýapyp, olaryň birini ýagty ýerde, beýlekisini bolsa garaňky ýerde goýmaly. Birnäçe sagat geçenden soň gaplaryň içiniň howasyny otluçöp eltip barlap görmeli. Şonda ýagty ýerde goýlan gapda otluçöpüň ýanmagyny dowam etdirýändigini, garaňky ýerde goýlan gapda bolsa onuň sönýändigini görmek bolýar. Diýmek, ýaşyl ýapraklar diňe ýagtylykda kömürturşy gazyny siňdirip, kislorody bölüp çykarýar eken. Ösümligiň ýagtylykda kömürturşy gazyny siňdirip, kislorody bölüp çykarýandygyny ýene bir tejribe bilen subut etmek bolar. Onuň üçin otjumak ösümliklerden birini, meselem, tozgany almaly. Onuň birnäçe ýaprakly şahajygyny kesip alyp, içi suwly çüýşe gabyň içinde ýerleşdirmeli. Gapdaky suwda kömürturşy gazyny köpeltmek üçin, oňa turbajyk arkaly howa goýbermeli. Soňra tozganyň üstüne çüýşe guýguç düňdermeli. Guýgujyň ujuna bolsa içi suwly çüýşe turbajygyny geýdirmeli. Şondan soň gaby şol durşuna ýagty ýerde goýmaly. Biraz wagtdan soň tozganyň şahajyklaryndan gaz düwmejikleri çykyp başlaýar. Şol gaz düwmejikleri turbajygyň içine ýygnanyp, suwy aşak basýar. Turbajyk gazdan mazaly dolandan soň, onuň agzyny pugta ýapyp, gapdaky suwdan çykarmaly. Indi turbajykda ýygnanan gazyň nähili gazdygyny bilmek üçin onuň agzyny açyp, içine otluçöp eltmeli. Şonda otluçöp derrew ýanmaga başlaýar. Bu bolsa turbajygyň içine ýygnanan gazyň kisloroddygyny subut edýär. Eger içi tozgaly gap garaňky ýerde, ýagny gutujygyň içinde goýulsa, ösümlikden gaz düwmejikleriniň çykmagy derrew kesilýär. Munuň özi ýaşyl ösümlikleriň kislorody diňe ýagtylykda bölüp çykarýandygyny görkezýär. Tozganyň suwdan kömürturşy gazyny sorup alşyny nähili bilmeli? Ony subut etmek üçin çüýşe gabyň içine gaýnadylyp howasy çykarylan suw guýmaly. Onuň içine turbajyk arkaly üflemeli. Şu tejribede tozga kislorody bölüp çykarmaz. Ýokardaky tejribeler ýaşyl ösümlikleriň ýagtylykda howanyň kömürturşy gazyny özüne kabul edip, kislorody bölüp çykarýandygyny görkezýär. Kömürturşy gazy ýapragyň öýjüklerindäki hlorofil dänejikleriniň içinde suw bilen birleşýär. Kömürturşy gazynyň suw bilen birleşmegi netijesinde ilki bilen şeker (glýukoza), soňra krahmal emele gelýär. Tozganyň ýagtylykda saklanýan ýapragyna mikroskop astynda seredilende, onuň ýapragynyň ýaşyl öýjüklerindäki hlorofil dänejikleriniň içinde krahmaly görmek bolýar. Diýmek, krahmal hlorofil dänejiklerinde emele gelýän eken. Ösümlikleriň öýjüklerinde şeker hem-de krahmaldan başga belok maddalary-da emele gelýär. Belogyň emele gelmegi üçin diňe bir kömürturşy gazy bilen suw ýeterlik däldir. Olardan başga dürli mineral duzlaram gerekdir. Ýagtylygyň täsir etmegi bilen ýapraklarda kömürturşy gazyndan, suwdan hem-de mineral duzlardan her dürli organiki maddalar emele gelýär. Bu organiki maddalar ösümligiň durkunyň gurulmagyna hem-de onuň öýjükleriniň köpelmegine sarp edilýär. Ondan başga-da organiki maddalar ösümligiň tohumynda, miwesinde we beýleki organlarynda ätiýaçlyk iýmit hökmünde toplanýar. Ösümlik özünde köp organiki maddalary emele getirmek üçin, elmydama ýeterlik mukdarda ýagtylygy, suwy, mineral duzlary hem-de kömürturşy gazyny talap edip durýar. Medeni ösümliklere şunuň ýaly şertler döredilse, olardan gyş paslynda hem ýokary hasyl almak bolýar.

Tozganyň ýapraklarynyň ýagtylykda kislorody bölüp çykaryşy

6. Täze temany berkitmek:

1. Ösümlik ýagtylykda howadan iýmitlenende haýsy gazy bölüp çykarýar?

2. Krahmal ýapragyň haýsy öýjüklerinde we nähili maddalardan emele gelýär?

3. Tozganyň suwdan kömürturşy gazyny sorup alşyny nähili bilmeli?

4. Ýaprakda emele gelen organiki maddalar nämä sarp edilýär we ösümligiň haýsy organlarynda ätiýaçlyk iýmit bolup toplanýar?

7. Öý işini tabşyrmak:

§41 sah 117-119 Geçilen temany gowy özleşdirip gelmegi tabşyrmak.

8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

      Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

 

Ýazan mugallym:                                                              Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:      


 

Mekdebi:                                              Senesi:

Dersiň ady: Biologiýa                          Synpy:  VI      

Sapagyň temasy:

Ýapragyň dem alyşy

Sapagyň maksatlary:

 

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara ýapragyň dem alyşy barada giňişleýin düşünje bermek

2) Terbiýeçilik maksady:

Watana, Hormatly Prezidentimize söýgi, ylym-bilime höwes duýgularyny terbiýelemek. Okuwçylarda  janly tebigata bolan söýgini  döretmek 

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

4. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

1. Ösümlik ýagtylykda howadan iýmitlenende haýsy gazy bölüp çykarýar?

2. Krahmal ýapragyň haýsy öýjüklerinde we nähili maddalardan emele gelýär?

3. Tozganyň suwdan kömürturşy gazyny sorup alşyny nähili bilmeli?

4. Ýaprakda emele gelen organiki maddalar nämä sarp edilýär we ösümligiň haýsy organlarynda ätiýaçlyk iýmit bolup toplanýar?

3. Geçilen temany jemlemek:         

Okuwçylardan öýe berlen ýumuşlaryny sorag-jogap arkaly soraýaryn.

4. Täze temany düşündirmek:   

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Ösümligiň dem alşy barada aýdyp bermek

2. Kömürturşy gazy barada gürrüň bermek.

3. Ösümlikde dem alyş organy barada aýdyp bermek

                        Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Tebigy ösümlik toparlanmalarynyň gurluşyny, özgerişini, gatlaklylygyny, olaryň düzümindäki ösümlikleriň bilelikde ýaşamaga uýgunlaşyş aýratynlyklaryny (ülke maglumatlarynyň mysalynda);

– Ýabany we medeni ösýän ösümlikleriň esasy görnüşlerini, olaryň tebigatdaky, we halk hojalygyndaky tutýan ornuny;

– Ösümlikleriň organlarynyň (kök, baldak, ýaprak, gül, miwe we tohum) ýerine ýetirýän işlerini we olaryň ähmiýetini;

– Älem möçberinde howanyň üýtgemegi bilen baglylykda Türkmenistanda ösümlik dünýäsini aýawly ulanmak, gorap saklamak we köpeltmek babatda  geçirilýän çäreleri.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Miweli we bezeg baglaryna ideg etmegi (agaçlaryň düýbüni ýumşatmagy, guran we döwlen şahalaryny kesmegi, sütünlerindäki we şahalaryndaky ýaralary bejermegi);

– Howanyň üýtgemeginiň ösümlik örtügine täsirini;

– Okuw kitabynyň ýazgylary we suratlary bilen işlemegi;

– Biologiýa (ösümlikler) dersinde ulanylýan düşünjeleriň we adalgalaryň sözlügi bilen işlemegi.

    Ýapraklar hem dem alanda, edil kökleriň dem alşy ýaly kislorody kabul edip, kömürturşy gazyny  daşyna çykarýarlar. Ösümlikler howadan diňe gündizine iýmitlenýän bolsa, demi hemme wagt gündizine hem-de gijesine alýar. Özünde dürli gazlary saklaýan  howa ýapragyň köpsanly agyzjyklary arkaly ýapragyň howa ýollaryna geçýär. Şol gazlaryň arasynda kömürturşy gazy bilen kislorod bar. Edil ösümligiň beýleki organlarynda bolşy ýaly, ýaprakda hem howa öýjügaalary tarapyndan emele gelen howa ýollary arkaly  emele gelýär. kömürturşy gazy howada az mukdarda (0,003%) saklaýar. Kislorodyň mukdary bolsa tutuş gazlaryň göwrüminiňbäşden birbölegini, ýagny 21%-ni tutýar. Öýjükde kislorod bolanda şekeriň dargamagy başlaýar. Ösümlikleriň ýapraklary gündüzine iýmitlenýärem, demem alýar. Emma gündizine fotosintez hadysasy dem alşa garaňda birnäçe esse güýçli geçýär. Şoňa görä-de ýapraklaryň dem alşyny ýagtylykda kesgitläp bolmaýar. Ýaşyl ösümliklerde fotosintez hadysasy geçende, organiki maddalaryň mukdary artýar. Dem alanda bolsa tersine, organiki maddalar dargap, olaryň mukdary azalýar. Ösümlikleriň ýapraklary gündizine iýmitlenýärem, demem alýar.

Emma gündizine fotosintez hadysasy dem alşa garanyňda birnäçe esse güýçli geçýär. Şoňa görä-de ýapraklaryň dem alşyny ýagtylykda kesgitläp bolmaýar. Ýapraklaryň dem alşy baradaky tejribäni gijesine ýa-da garaňky ýerde geçirmek bolar. Ýaşyl ösümliklerde fotosintez hadysasy geçende organiki maddalaryň mukdary artýar. Dem alanda bolsa tersine, organiki maddalar dargap, olaryň mukdary azalýar.

Ösümligiň kislorody kabul etmegi we kömürturşy gazyny bölüp çykarmagy

 5. Täze temany berkitmek:

1. Ösümligiň dem alşy nähili geçýär?

2. Dem alanda ösümlik haýsy gazy özüne siňdirýär, haýsy gazy bölüp çykarýar?

3. Ösümlik näwagt dem alýar?

4. Näme üçin ösümlikleriň dem alşyny gündizine bilmek bolmaýarda, gijesine bilmek bolýar?

5. Ösümlikde dem alyş organy barmy?

6. Öý işini tabşyrmak:

§42 sah 119-121 Geçilen temany gowy özleşdirip gelmegi tabşyrmak.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

      Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

 

Ýazan mugallym:                                                              Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:      


 

Mekdebi:                                              Senesi:

Dersiň ady: Biologiýa                          Synpy:  VI      

Sapagyň temasy:

Ýapraklaryň suwy bugartmagy

Sapagyň maksatlary:

 

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara ýapraklaryň suwy bugartmagy barada giňişleýin düşünje bermek

2) Terbiýeçilik maksady:

Watana, Hormatly Prezidentimize söýgi, ylym-bilime höwes duýgularyny terbiýelemek. Okuwçylarda  janly tebigata bolan söýgini  döretmek 

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

4. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

1. Ösümligiň dem alşy nähili geçýär?

2. Dem alanda ösümlik haýsy gazy özüne siňdirýär, haýsy gazy bölüp çykarýar?

3. Ösümlik näwagt dem alýar?

4. Näme üçin ösümlikleriň dem alşyny gündizine bilmek bolmaýarda, gijesine bilmek bolýar?

5. Ösümlikde dem alyş organy barmy?

3. Geçilen temany jemlemek: Okuwçylardan öýe berlen ýumuşlaryny sorag-jogap arkaly soraýaryn.

4. Täze temany düşündirmek:   

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Ýapraklaryň suwy bugartmagy.

2. Ösümlikleriň iýmitlenişleri barada aýdyp bermek.

3. Dem almagyň howadan iýmitlenmekden  tapawudy barada düşünje bermek.

                        Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Ösümlik organizminiň esasy ýaşaýyş işjeňligini (fotosintez, dem alyş, suwy bugartmak (transpirasiýa), maddalaryň hereketi we beýlekiler);

– Ösümlikleriň tohumlary we wegetatiw organlary arkaly köpelişini;

– Ýurdumyzda seýrek duş gelýändigi we ýitip gitmek howpy abanýandygy sebäpli, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň görnüşlerini.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Topragy bejermek, suwarmak, dökün dökmek ýaly işleri ýerine ýetirmegi;

– Ösümlikleri sapmak üçin taýýarlamagy we köpeltmegi, olary sapmagyň usullaryny;

– Tebigatda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini, edep-kadalaryny berjaý etmegi.

Ýapraklaryň suwy bugartmagy.

 Küýzejikde ekilen otag ösümliginiň, meselem, geranyň ýa‑da tradeskansiýanyň ýaprakly şahajygyny çüýşe gabyň içine salyp, onuň agzyny pagta bilen ýapmaly. Birnäçe wagt geçenden soň gabyň diwarynyň iç ýüzünde suw damjajyklarynyň peýda bolýandygyny görmek bolýar. Bu suw damjajyklaryny ösümligiň ýapragy bugardyp çykardy. Ýapraklaryň suwy näçeräk bugardýandygyny bilmek üçin islendik ösümligiň ýaprakly şahajygyny içi suwly çüýşä salyp goýmaly. Çüýşeden suwuň bugaryp çykmazlygy üçin, onuň üstüne azajyk ýag damdyrmaly. Çüýşäni tereziniň üstünde goýup, terezini çeküw daşlary bilen deňlemeli . Ýapraklar suwy bugartdygyça tereziniň çüýşe goýlan taýy ýokaryk galyp başlar. Bir gije-gündizden soň tereziniň ýaprakly taýyny çeküw daşjagazlaryny goýup deňlemeli. Goýlan daşjagazlaryň agramyny hasaplamak bilen ýapraklaryň bir gije‑gündiziň dowamynda näçeräk mukdarda suwy bugardandygyny kesgitläp bolýar. Suw, esasan, ýaprakdaky agyzjyklaryň üsti bilen bugarýar. Olar bugarýan suwuň mukdaryny kadalaşdyrýarlar. Suw ýetmezçilik eden wagty agyzjyklaryň ýarçyklary ýapylyp, suwuň bugarmagy kesilýär. Kadaly şertler bolanda agyzjyklar ýene-de açylyp, ösümligiň kadaly ýaşaýşy dikelýär. Suw diňe bir agyzjyk arkaly bugarman, eýsem az-kem ýapragyň gabyjagy arkaly hem bugarýar. Ylaýta-da ýaş ösümlikleriň näzijek ýapraklary gabyjak arkaly suwy köp bugardýarlar. Şoňa görä-de, olar suw ýetmezçilik edende derrew süllerýär. Suwuň bugarmagy ösümlikler üçin peýdalydyr. Ol ýapraklaryň ýylylygyny peseldip, ony sowadyp durýar, Günüň aşa gyzdyrmagyndan gorap saklaýar. Aýratyn hem yssy, gurak howa şertlerinde ösýän ösümlikler üçin suwy bugartmak zerurdyr. Eger-de ösümlik suwy bugartmasa, onda ol guraýar. Bugarma arkaly ösümlikde kökden baldaga hem‑de ýapraga suwuň kadaly akmagy saklanýar. Şonda ýapragyň ýaşyl, ýumşak, etlek bölegi suwy bugardyp, ýapragyň iň bir inçejik damarlaryndan suwy sorup başlaýar. Bugarma näçe güýçli bolsa, şonça-da kökden ýapraga suw çalt barýar. Suw bilen bilelikde ösümlik öýjüklerine suwda erän mineral maddalar hem gelýär. Bugarma näçe güýçli bolsa, şol maddalaryň öýjüge barmasy şonça-da çaltlaşýar. Diýmek, ýapragyň ýumşak bölegi suwy bugardyp, kökden gelýän suwuň we beýleki maddalaryň hereketlendirijisiniň işini ýerine ýetirýär eken. Gözegçilikleriň görkezişi ýaly, ösümlik öz temperaturasyny saklamak hem-de kökden gelýän iýmit maddalaryny baldaga, ýapraga eltmek üçin has köp suwy bugardýar. Suwuň bugarmagy daşky gurşawyň şertlerine baglydyr. Howa näçe yssy bolsa, şonça-da suwuň bugarmagy çalt we ýokary bolýar. Şol sebäpli ösümliklerde suw ýetmezçilik howpy döreýär. Gurak howa şertlerinde ösýän ösümlikler öz organizminde suwsuzlyk howpuny döretmezlik üçin öz ýapraklaryny özgerdýärler. Ownuk ýapraklar iri ýapraklara garanyňda suwy az bugardýar.

Ösümligiň bugardýan suwunyň mukdarynyň terezide kesgitlenilişi

 5. Täze temany berkitmek:

1. Ýapraklaryň suwy bugartmagynyň nähili ähmiýeti bar?

2. Ýapraklaryň suwy bugardýandygyny nähili bilmek bolýar?

3. Eger ösümlik suwy bugartmasa onda nähili ýagdaý bolýar?

6. Öý işini tabşyrmak:

§43 sah 123-124 Geçilen temany gowy özleşdirip gelmegi tabşyrmak.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

      Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

 

Ýazan mugallym:                                                              Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:      


 

Mekdebi:                                              Senesi:

Dersiň ady: Biologiýa                          Synpy:  VI      

Sapagyň temasy:

Ýapraklaryň dökülmegi (düşmegi)

Sapagyň maksatlary:

 

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara ýapraklaryň dökülmegi barada giňişleýin düşünje bermek

2) Terbiýeçilik maksady:

Watana, Hormatly Prezidentimize söýgi, ylym-bilime höwes duýgularyny terbiýelemek. Okuwçylarda  janly tebigata bolan söýgini  döretmek 

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

4. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

1. Ýapraklaryň suwy bugartmagynyň nähili ähmiýeti bar?

2. Ýapraklaryň suwy bugardýandygyny nähili bilmek bolýar?

3. Eger ösümlik suwy bugartmasa onda nähili ýagdaý bolýar?

3. Geçilen temany jemlemek: Okuwçylardan öýe berlen ýumuşlaryny sorag-jogap arkaly soraýaryn.

4. Täze temany düşündirmek:   

Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Ýapraklaryň dökülmegi (düşmegi).

2. Ýapragyň garramasy.

3. Agaçlaryň we gyrymsy ösümlikleriň ýaşaýşynda ýapraklaryň dökülmeginiň ähmiýeti.

                   Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Ösümlikleriň öýjükli gurluşyny, ösümlik öýjükleriniň böleklerini (barda, sitoplazma, ýadro, plastidler, wakuol), dokumalarynyň we organlarynyň gurluşyny, görnüşlerini;

– Ösümlikleriň tebigatdaky we adamyň durmuşyndaky ornuny we ähmiýetini;

– Bakteriýalaryň, kömelekleriň, lişaýnikleriň gurluş aýratynlyklaryny we hojalyk ähmiýetini.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Kesgitleýjileriň kömegi bilen ösümlikleri kesgitlemegi;

– Esasy oba hojalyk ekinlerini tanamagy we kesgitlemegi;

– Okuw kitabynyň mazmunyndan esasy pikirleri ýüze çykarmagy, soraglara jogap tapmagy.

Ýapraklaryň dökülmegi (düşmegi). Köp agaçlar gyşyna ýapraklaryny dökýärler. Ýylyň belli bir kesgitli wagtynda ýapraklaryny dökýän köpýyllyk ösümliklere ýapragyny dökýän ösümlikler diýilýär. Gyşyna ýaprakdaky suw sowaýar. Kök tüýjagazlary sowuk suwy sorup bilmeýär. Suwuň toprakdan ösümlige geçmesi kesilýär. Şoňa görä-de, gyşyna ýaprak dökülmese, ösümlik suwsuzlykdan heläk bolýar. Ýaprak dökülmezinden öň garrap başlaýar. Ýapragyň garramagy öýjüklerinde fotosinteziň hem-de dem alşyň peselmegini aňladýar. Şonda ösümligiň öýjügi üçin zerur bolan maddalar azalýar, täze maddalaryň, şonuň bilen birlikde suwuň gelmesi hem peselýär. Öýjükdäki dargaýan maddalaryň mukdary täze emele gelýän maddalara garanyňda has köp bolýar. Öýjükde gerekmejek zyýanly maddalar toplanýar. Olara madda çalşygynyň soňky önümleri diýilýär. Ýaprak dökülen wagtynda şol gerekmejek önümler hem ösümlikden aýrylýar. Garran ýapraklarda hlorofil dargaýar we hloroplast hromoplasta öwrülýär (sary, mämişi madda). Olar güýzde ýapraklaryň reňkini kesgitleýärler. Ýapraklaryň dökülmegi ösümlikleriň gurakçylyga garşy göreş çäreleriniň biridir. Ol ösümlikleriň suwy bugartmagyny saklaýar. Käbir ösümlikleriň ýapraklary diňe gyşyna dökülmän, eýsem tomsuň iň yssy wagtlary hem dökülýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň çöllük ýerlerinde ösýän ýowşan tomsuň jöwzaly yssysynda hem ýapraklaryny dökýär. Bu ösümlik şu döwürde suwy örän az bugardýar. Pürli ösümlikleriň, meselem, arçanyň, serwiniň galyň gabyjaklary hem az sanly agyzjykly pürleri (ýapraklary) suwy az bugardýandygy üçin, gyşyna-da dökülmeýärler. Bu ösümlikleriň pürleri şahalarda iki ýyldan ýedi ýyla çenli saklanýar we soňra kem-kemden dökülýär. Şoňa görä, hemişe ýaşyl öwsüp durýar.

Ösümlikleriň güýz paslyndaky reňk aýratynlygy

 5. Täze temany berkitmek:

1. Näme sebäpden ösümlikler gyşda ýapraklaryny dökýärler?

2. Agaçlaryň we gyrymsy ösümlikleriň ýaşaýşynda ýapraklaryň dökülmeginiň nähili ähmiýeti bar?

3. Ýapragyň garramasy näme?

6. Öý işini tabşyrmak:

§43 sah 124-125 Geçilen temany gowy özleşdirip gelmegi tabşyrmak.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

      Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

 

Ýazan mugallym:                                                              Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:      


 

Mekdebi:                                              Senesi:

Dersiň ady: Biologiýa                          Synpy:  VI      

Sapagyň temasy:

Tebigatda we adamlaryň durmuşynda ösümlikleriň ähmiýeti  we  olary  gorap  saklamak. Ýurdumyzda  ýabany  ösümlikleri  gorap  saklamak,  rejeli  peýdalanmak,  köpeltmek  we  ýurdy  gür  baglyga,  bagy-bossanlyga  öwürmek  babatda  alnyp  baryiýan  işler.  ,,Paýhas  çeşmesi''  atly  kitapdaky  bag  ekmek  we  olara  ideg  etmek baradaky  nakyllar  we  atalar  sözi.

Sapagyň maksatlary:

 

1)Bilim berijilik maksady:

Okuwçylara tebigatda we adamlaryň durmuşynda ösümlikleriň ähmiýeti we olary gorap saklamak barada giňişleýin düşünje bermek

2) Terbiýeçilik maksady:

Watana, Hormatly Prezidentimize söýgi, ylym-bilime höwes duýgularyny terbiýelemek. Okuwçylarda  janly tebigata bolan söýgini  döretmek 

Sapagyň görnüşi:

Täze maglumatlary öwretmek sapagy

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar:

Suratlar, soragnamalar, tanyşdyrmalar, tema degişli soraglar we web saýtlaryň salgylary.

Sapagyň gidişi:

1. Sapagyň guramaçylyk döwri:

1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.

2. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.

3. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.

4. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Paýhas çeşmesi” atly kitapda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak barada atalar sözleri we nakyllaryň many-mazmuny barada gürrüň etmek.

2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak:

1. Näme sebäpden ösümlikler gyşda ýapraklaryny dökýärler?

2. Agaçlaryň we gyrymsy ösümlikleriň ýaşaýşynda ýapraklaryň dökülmeginiň nähili ähmiýeti bar?

3. Ýapragyň garramasy näme?

3. Geçilen temany jemlemek: Okuwçylardan öýe berlen ýumuşlaryny sorag-jogap arkaly soraýaryn.

4. Täze temany düşündirmek:

   Temany düşündirmegiň meýilnamasy:

1. Tebigatda we adamyň durmuşynda ýaşyl ösümlikleriň ähmiýeti.

2. Ösümlikleriň ýaşaýşynda topragyň, suwuň, ýagtylygyň, howanyň  ähmiýeti barada gürrüň bermek.

3. Ýagtylygy halaýan, kölegäni halaýan we kölegä çydamly ösümlikleri gürrüň bermek.

                        Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:

– Ösümlikleriň esasy bölümleriniň (suwotular, moh şekilliler, paporotnik şekilliler, plaunlar, hwoşlar, ýalaňaç tohumly we ýapyk tohumly ösümlikler) biologik we ekologik aýratynlyklaryny;

– Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň görnüşlerini, olaryň tohumlarynyň ekiliş we ideg ediliş aýratynlyklaryny;

– Ösümlik dünýäsiniň taryhy ösüşi netijesinde olaryň çylşyrymlaşmagynyň yzygiderliligini.

Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:

– Gülli ösümlikleriň organlaryny tanamagy;

– Tebigatda ösümlik dünýäsindäki möwsümleýin özgermelere gözegçilik etmegi,

    gözegçiligiň netijelerini özleşdirmegi we ondan özbaşdak netije çykarmagy;

– Oba hojalyk ekinlerini ekmegi, ideg etmegi, hasylyny ýygnamagy;

– Dürli çeşmelerdäki ösümlikler baradaky zerur bolan maglumatlary, adalgalary  internetden tapmagy  we peýdalanmagy.

Tebigatda we adamyň durmuşynda ýaşyl ösümlikleriň ähmiýeti. Ähli janly organizmler, ýagny ösümlikler-de, adamlar-da, haýwanlar hem elmydama dem alýarlar. Olar dem alanda howadan kislorody sorup, kömürturşy gazyny bolsa bölüp çykarýarlar. Dürli kärhanalarymyzyň we ýaşaýyş jaýlarymyzyň peçlerinden, maşynlardan örän köp mukdarda kömürturşy gazy çykýar. Ondan başga-da howada kömürturşy gazynyň mukdary ösümlikleriň galyndylarynyň, haýwanlaryň maslyklarynyň çüýremeginden hem köpelýär. Muňa garamazdan howanyň düzüminde kömürturşy gazy mydama az mukdarda bolýar. Munuň sebäbini ýaşyl ösümlikleriň ýagtylykda howadan kömürturşy gazyny alyp, kislorody bölüp çykarýandygy (fotosintez geçirýändigi) bilen düşündirmek bolar. Şunlukda, ösümlikler howadaky kömürturşy gazyny siňdirmek bilen ynsanyň, haýwanyň dem almagy üçin zerur bolan kislorodyň mukdaryny köpeldýär. Organiki maddalary diňe ýaşyl ösümlikler emele getirýär. Ösümlikleriň taýýarlan organiki maddalary bilen adamlaram, haýwanlar hem iýmitlenýärler. Diýmek, haýwanlar öz organizmini gurmak üçin gerek bolan organiki maddalary ösümliklerden alýarlar ekeni. Adam iýmit üçin gerek bolan organiki maddalary medeni ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek bilen taýýarlaýar. Biziň mähriban Watanymyzyň çäginde her dürli ýabany ösümlikler ösýär. Şolarda örän köp mukdarda organiki maddalar toplanýar. Ösümlikleriň ýaşaýşyny yhlas bilen öwrenen alymlaryň biri Kliment Arkadiýewiç Timirýazewdir. Ol ösümligiň ýaşyl ýapragynyň kömürturşy gazyny siňdirişini, organiki maddalaryň emele gelmeginde hlorofiliň we gün şöhlesiniň ornuny çuňňur öwrenipdir. K.A. Timirýazew «Ýer ýüzünde bolup geçýän ähli hadysalar öz başlangyjyny ýaşyl ýaprakdan alýar» diýip, ýaşyl ösümlikleriň ýaşaýyşdaky ornuna uly baha berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ösümlikleri gorap saklamak we köpeltmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. «Tebigaty goramak hakynda » Türkmenistanyň Kanunynyň, «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň» çäklerinde geçirilýän tebigatyň goraglylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly işler gün geldikçe rowaçlanýar. Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşlarynda: «Türkmenistanyň tebigaty biziň milli baýlygymyzdyr. Biz ony gorap saklamalydyrys we ösüp gelýän nesle miras goýmalydyrys» diýip, tebigaty, şeýle-de onuň ösümlik dünýäsini rejeli peýdalanyp gorap saklamagyň, geljekki nesillere abat galdyrmagyň zerurdygyny belläp geçýär. «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň» çäklerinde geçirilýän işler diňe bir öz ýurdumyz däl, eýsem dünýä döwletleri üçin hem uly ähmiýete eýedir. Bu maksatnama ýurdumyzda hereket edýän Tokaý kodeksi, «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlikler dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň kanunlary bilen bir hatarda tebigatymyzy we onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanyp gorap saklamak boýunça möhüm resminamadyr. Häzirki wagtda şu maksatnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, ýurdumyzyň dürli şäherlerinde, şäherçelerinde we obalarynda millionlarça agaç nahallary oturdyldy. Bag ekmek we olara ideg etmek ata‑babalardan gelýän asylly däpleriň biri bolup, halk döredijiliginiň dürli görnüşlerinde, şeýle-de atalar sözünde we nakyllarda öz mynasyp ornuny tapypdyr. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Paýhas çeşmesi» atly kitabyndaky: Bag aýdypdyr: «Bak maňa, bakaýyn saňa», «Bagym bar, barym bar», «Bag – ekeniňki, ýap – çekeniňki», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Saýany ekmedik, salkynda ýatmaz», «Bir ýyl tut ekseň, ýüz ýyl altyn alarsyň» ýaly paýhas eleginden geçen atalar sözlerinde we nakyllarda bag ekmegiň we olara ideg edip, ösdürip ýetişdirmegiň adamyň we beýleki janly‑jandarlaryň ýaşaýşy üçin nä derejede möhümdigi,  bagy ekeniňden soň, onuň saýasynda saýalajak bolsaň, olaryň idegini ýetirip durmalydygy barada maglumat berilýär. Ata‑babalarymyzyň bag ekmek baradaky däplerine sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli şäherler, şäherçeler, obalar kem‑kemden gür baglyga öwrülýär, ýurdumyz gözelleşýär, dem alýan howamyz arassalanýar. Täze gurulýan binalaryň töweregini al-elwan güller bezeýär. Şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň gür baglyga, bagy‑bossanlyga öwrülmegi halky eşretli ýaşaýşa eltýär, olaryň şatlygyna şatlyk goşýar. Türkmenistan bu gün jennet mekana öwrüldi. Bu işe uludan-kiçä ähli halk gatnaşýar. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň başda durmagynda, häzirki döwürde her ýylyň ýaz hem-de güýz aýlary agaç nahallaryny oturtmak boýunça geçirilýän ählihalk ýowarlaryasylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzda ösümlikleri ösdürip ýetişdirmäge we köpeltmäge ýakyndan kömek bermek mekdep okuwçylarynyň hem mukaddes borjudyr. Her bir okuwçy ösümligiň dosty bolmalydyr, olara ideg etmegi, köpeltmegi we gorap saklamagy başarmalydyr.

Keşp berlen ösümlikler şäherleri bezeýär

5. Täze temany berkitmek:

1. Tebigatda we adamlaryň ýaşaýşynda ýaşyl ösümlikleriň nähili ähmiýeti bar?

2. Şäherlerde, şäherçelerde we oba ýerlerinde agaçlary name üçin köp ekmeli?

3. Adamlar hem-de haýwanlar organiki maddalary nireden alýarlar?

4. K.A. Timirýazew ösümlikler hakyndaky ylmyň haýsy pudagynda işledi we onuň ylmy açyşlary nämä gönükdirilen?

5. Türkmenistanda «Milli tokaý maksatnamasynyň» çäklerinde ösümlikleri gorap saklamak we köpeltmek babatda nähili çäreler geçirilýär?

6. Siz ýurdumyzda ýaşyl ösümlikleri köpeltmäge we olary gorap saklamaga nähili kömek edýärsiňiz?

6. Öý işini tabşyrmak:

§44 sah 126-129 Geçilen temany gowy özleşdirip gelmegi tabşyrmak.

7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak:

      Höweslendiriji bahalary goýmak we delillendirmek Okuwçylary delillendirip bahalandyrmak.

 

Ýazan mugallym:                                                              Bellik:________________________________________________________________

Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary:      


 

Скачивание материала доступно только для авторизованных пользователей.